Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentligiň (“Rossotrudniçestwo”) ýolbaşçysy E. Mitrofanowanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti ýurdumyzda saparda boldy.
Rus wekiliýeti ýurdumyzyň Daşary işler hem-de Medeniýet ministrliginde duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda taraplar ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Innowasion tehnologiýalary ulanmakda we sanly ykdysadyýeti ýaýbaňlandyrmak ulgamlaryndaky bar bolan tejribeleri paýlaşmak baradaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Federal agentligiň ynsanperwer we bilim taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. “Rossotrudniçestwonyň” wekilleri Russiýanyň bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylýan usullar Türkmenistanyň bilim düzümlerine hem uýgunlaşdyrylyp hem-de netijeli peýdalanylyp bilner diýip, bellediler.
Bu duşuşygyň dowamynda myhmanlar ýurdumyzyň ylmy toparlarynyň wekilleri bilen innowasiýa ykdysadyýeti hem-de ynsanperwer ylymlar ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny bellediler. Saparyň çäklerinde “Rossotrudniçestwonyň” wekilleri A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebine baryp gördüler, bu mekdebe täze okuw kitaplary we usulyýet gollanmalary gowşuryldy.