Gözel Diýarymyzyň çäklerinde ýerleşýän, taryhy–medeni ýadygärlikleri, tebigatyň gaýtalanmajak ajaýyp gözel künjekleri syýahatçylyk pudagynyň işiniň ilerlemegine uly şert döredýär. Dünýäniň häzirki zaman ösüşinde syýahatçylyk pudagy ykdysadyýetiň iň bir girdejili pudaklarynyň biri hasaplanylýar. Aslyýetinde, Türkmenistan iň gadymy döwürlerde hem iri medeni merkezleriň biri bolupdyr. Bu gadymy türkmen topragyna antik eýýamlardan başlap, günbatarly taryhçylaryň, edebiýatçylaryň, geograflaryň birnäçesi syýahat edipdir. Olar öz işlerinde türkmen topragy baradaky maglumatlary miras galdyrypdyrlar.
Syýahatçylyk–yklymlaryň özara gatnaşyklarynyň özenini emele getirýär, ähli babatdaky gatnaşyklar bolsa, öz gezeginde ykdysadyýetiň pajarlamagyna itergi berýär. Döwletara gatnaşyklaryň ilkinji basgançaklary hem syýahatçylykdan gözbaş alýar, onuň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar.
Eziz Watanymyzda syýahatçylygyň görnüşlerini ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan täze syýahatçylyk merkezine öwrülýär, ýurdumyzda syýahatçylygyň döwrebap nusgasy döredilýär. Halkymyzyň taryhy-medeni özboluşlylygy, baý milli mirasy, dünýä meşhur türkmen halylary hem-de ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler toplumlary, täsin tebigy ekologiýa ulgamlary syýahatçylygy ösdürmäge uly mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde sport, sagaldyş, ekologiýa, medeni-öwreniş syýahatçylygy uly meşhurlyga eýe bolýar. Sport ugry Türkmenistanda halkara syýahatçylygyň täze ugruna öwrülýär. Häzirki zamanda syýahatçylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak, adamlaryň işjeň dynç alşa ymtylmagy bilen berk baglydyr. Muňa mysal hökmünde dag syýahatçylygyny, atly syýahatçylygy, gämili gezelenji we beýlekileri görkezmek bolar. Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinden başga-da, Hazaryň kenar ýakasy, Awazanyň täze şypahana ugurlary uly gyzyklanma eýe bolýar. Bu zolagyň deňiz, kenarýaka dynç alşy we ýahta syýahatçylygynyň dünýä merkezleriniň birine öwrüljekdigini ynamly aýdyp bolar. Deňiz dynç alşynyň myhmanhana düzümine täze oňaýly myhmanhanalar, dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, dynç alşa degişli beýleki desgalar, şeýle hem ýurdumyzdaky ilkinji ýaht-klub, köpugurly sport toplumy bezeg berýär. Awazada ýylyň bütin dowamynda dürli derejeli ýaryşlary, türgenleriň okuw we türgenleşik ýygnanyşyklaryny hem-de beýleki çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýän ajaýyp saglygy dikeldiş we sport binalary bar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ekologiýa syýahatçylygyny, işjeň dynç alşy, saglygy berkitmegi öz içine alýar. Bu zolak Orta Aziýa sebitinde keselleriň öňüni almaga we saglygy dikeltmäge amatly şertler döredilen ýeke-täk talassoterapiýa merkezidir.
Ýakyn geljekde syýahatçylyk pudagynyň ykdysadyýetiň iň düşewüntli pudagyna öwrüljekdigi ikuçsyzdyr. Gadym döwürlerde düýedir, atly kerwenler bolan bolsa, häzirki zamanyň ösen polat ýolunyň ugrunda gatnaýan, ýokary tizlikli häzirki zaman otlulary, dünýä ülňülerine gabat gelýän gara ýollarymyzdaky yzy kesilmeýän awtoulag kerwenleri, deňiz gämileri we asuda asmanymyzdan geçýän howa ýollaryndaky üznüksiz gatnawlaryň artmagy, syýahatçylygyň ösüşli zamanasyndan alamatdyr.
Mähri GELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Syýahatçylyk” fakultetiniň
mugallymy.