Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň şanyna köp sanly çärelerdir dabaralar guralýar. Ine, şeýle möhüm ähmiýetli dabaralaryň biri hem ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dürli edaralar tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň bu tapgyrynda hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady hem-de daşary syýasy strategiýasynyň, umumymilli hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň durmuşynyň ol ýa-da beýleki ulgamynda-senagatdan başlap, sungata çenli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeleri barada gürrüň açylýar.
Suratlar bilen bezelen dokuz sany neşir tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan myhmanlaryň dykgatyna ýetirildi. Ýörite çap edilen bu neşir önümleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda ýeten sepgitleri barada gürrüň berýär. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda, gurluşyk, senagat hem-de söwda toplumynda, ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda ýeten belent derejelerine hem aýratyn üns berildi.
Ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk ulgamlarynda durmuşa geçirilen özgertmeler hakyndaky neşirler bu pudaklaryň Türkmenistanyň milli syýasaty üçin aýratyn ähmiýetini açyp görkezýärler. Şeýle-de “Aşgabat” atly neşiri hem bellemek zerurdyr, çünki ol türkmen paýtagtynyň gözelligini hem-de özboluşlylygyny hemmetaraplaýyn açyp görkezýär. Tanyşdyrylyş çäresiniň çäklerinde kitap sergisi guraldy, onda täze neşirler bilen bir hatarda, milli Liderimiziň ylmy-köpçülikleýin işleri hem görkezildi. Türkmen döwletiniň amala aşyran beýik işleriniň özboluşly ýylýazgysyny emele getirýän kitaplar türkmen Bitaraplygy ýaly hukuk ýagdaýynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň, döwlet Baştutanymyzyň her bir raýatyň hem-de ähli halkyň abadançylygyna gönükdirilen syýasatynyň düýp mazmunyna, Watanymyzyň özboluşly ösüş nusgasyna has gowy düşünmäge ýardam eder.
Täze neşirlere bagyşlanan dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de goldamak ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikleriň syny bolup durýan täze neşirler hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny hem-de halkymyzyň bagtly durmuşyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy ýörelgelerini we wezipelerini şöhlelendirýär. Dürli reňkli suratlar bilen ajaýyp bezelen täze neşirler üç dilde: türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilip, Türkmenistanyň umumy, şeýle hem pudaklar boýunça ösüşiniň aýratynlyklaryny we kanunalaýyklygyny hünär derejesinde öwrenýänler we gyzyklanma bildirýänler üçin peýdaly bolar.
Ezizmuhammet ATDAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.