Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy oýnalar. “Altyn asyr” bilen “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk “Nusaý” stadionynda geçiriler. Duşuşyk 14:30-da başlanar.
“Altyn asyr” ýarym finalda “Aşgabat” topary bilen duşuşypdy. Öz meýdançasynda 3–1 hasabynda ýeňiş gazanan “Altyn asyr” jogap oýnunda 2–1 asgyn gelse-de, umumy hasapda 4–3 öňe saýlanyp, finala adyny ýazdyrdy.
“Ahal” ýarym finalda kubogyň soňky eýesi “Köpetdagy” ýaryşdan çykardy. “Ahal” 2 oýunda-da “Köpetdagdan” üstün çykdy. Ýagny olar myhmançylykda 2–0, öz meýdançasynda-da Pirmyrat Sultanowyň ýeke-täk goly bilen 1–0 ýeňip, finalda oýnamaga hukuk gazandy.
FINALDA 2-NJI GEZEK DUŞUŞARLAR
“Altyn asyr” bilen “Ahal” şu wagta çenli kubok ýaryşynda 3 gezek ýeňiji boldular. “Altyn asyr” 2009-njy, 2015-nji, 2016-njy ýyllarda, “Ahal” bolsa, 2013-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllarda kubogy eýeläpdi. Iki topar finalda ikinji gezek duşuşýar. Häzirki wagta çenli kubok ýaryşynyň finalynda ýeňilmedik “Ahal” 2013-nji ýyldaky jemleýji oýunda “Altyn asyr” toparyny 2–1 hasabynda ýeňipdi.