Taksi hyzmatlary gullugy “Uber” öz müşderilerine şäherde gysga aralyklara elektrik welosipedlerinden we samokatlaryndan peýdalanmagy maslahat berýär.
– Ulagyň şeýle görnüşi bilen şäher içinde ýakyn aralyga baryp gelmek juda oňaýly. “Uber”-iň welosipedleriň we samokatlaryň peýdasyna awtoulaglardan ýüz öwürmegi maliýe kynçylyklaryna alyp barmagy mümkin, ýöne biz uzak möhletli strategik meýilleri nazarlaýarys – diýip, kompaniýanyň baş direktory Dra Hosrowşahi belläp geçýär.
Welosipedleriň we samokatlaryň ulanylmagy belli bir derejede “Uber”-iň girdejisini azaldar, ýöne ol täze müşderileriniň peýda bolmagyna sebäp bolar. Sürüjiler hem geljekde utuş gazanarlar, çünki müşderiler diňe has uzak aralyklara takside giderler.
2018-nji ýylyň ýanwarynda “Uber” öz müşderilerine elektrikli welosipedleriniň hyzmatyny hödürledi. Häzir şeýle hyzmat ABŞ-nyň sekiz şäherinde, şol sanda Nýu-Ýorkda we Waşingtonda elýeterli bolup, bahym Berlinde hem peýda bolar. Häzir “Uber” ABŞ-nyň 70 şäherinde we Ýewropanyň bäş şäherinde elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedlerini we samokatlaryny kireýine berýän “Lima” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýär. “Uber” 2009-njy ýylda Trewis Kalanik we Garrett Kemp tarapyndan esaslandyrylan taksi hyzmatlary boýunça adybir mobil ulgamyna eýe bolan amerikan halkara hususy kompaniýasydyr.