Jan başyna düşýän elektroulag babatda dünýäde birinji ýerde durýan Norwegiýada şu ýylyň başyndan bäri hasaba alnan ulaglaryň ýarysynyň elektrik energiýaly ýa-da gibrid ulaglardygy mälim edildi. Ýurduň klimat we daşky gurşaw ministri Widar Helgesen bu ýagdaýyň alnyp barylýan gatnaw syýasatynda oňat netije berýändigini aýtdy. Ýanwarda satylan ulaglaryň 17,6 göterimini elektrokarlar, 33,8 göterimini gibrid ulaglar emele getiripdir. Arassa energiýadan peýdalanýan ulaglaryň umumy mukdary ýanwar aýynda 51,4 göterim, fewralda 47,8 göterim bolupdyr. Ýerasty nebit-gaz gorlaryna baýdygyna garamazdan, ýurtda adaty ýangyçlar bilen işleýän ulaglara has köp salgyt salynýar. Energiýanyň arassa çeşmeleri bilen işleýän ulaglar bolsa, uly ýeňillikden peýdalanýar. Şeýle ulaglara köp ýerde awtoduralgalar tölegsiz hyzmat edýär, tölegli ýollardan mugt geçýärler.
Geçen ýylyň dekabrynda Norwegiýada 100 müňünji elektroulag hasaba alyndy. Häzirki wagtda bir gezekki zarýady bilen uzak aralyklara gidip bilmeýän şeýle ulaglar awtomobil bazarynda gibrid ulaglary bilen bäsleşýär. Norwegiýada iki hereketlendirijili ulaglar onuň ýangyç bilen işleýän motorynyň göwrümine görä däl-de, howa goýberýän kömürturşy gazynyň mukdaryna görä salgytlandyrylýar.