Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem girewidir. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ulaglar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny artdyrmak, ýurduň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek, ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda çykyş etmek hem-de olary durmuşa geçirmek bolup aýratyn orun eýeleýär.
Ulag ulgamynda hyzmatlaryň hiliniň has-da ýokarlandyrylmagy hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ýola goýulmagynda sanly ulgamdan hem netijeli peýdalanylýar. Bu ugurda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ulag pudagy sanly ulgama geçirilýär. Pudakda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabatlar berildi. Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, “Türkmenawtoulaglary” agentliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan ýurduň çäklerinde hem-de halkara gatnawlarynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurda gelýän hem-de üstaşyr geçýän daşary ýurt awtomobil ulaglarynyň maglumat binýadynyň döredilmegi meýilleşdirildi. Şeýle-de olara, GPS enjamyny ornaşdyryp, sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek hem-de bu işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Birinji tapgyrda ýurduň paýtagtynda we welaýatlarda hereket edýän ýeňil taksilere hem-de ýolagçy awtobuslaryna sanly ulgam arkaly olaryň tizligine, ýerleşýän ýerine, hereket edýän ugruna, ýangyç sarp edişine, tehniki gözegçilikden geçirilmeli wagtyna degişli gözegçilik üpjün ediler. Ikinji tapgyrda ýurduň çäginde hereket edýän ýük ulaglaryna sanly ulgam ornaşdyrylyp, olaryň hereketine gözegçilik ýola goýlar. Üçünji tapgyrda bolsa halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýurduň awtoulaglaryna sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek hem-de olara daşary ýurda çykmak üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek ýola goýlar. Şeýle hem ulaglar boýunça maglumatlary özünde jemleýän merkezleşdirilen maglumat binýadyny döretmek, şeýlelikde, maglumat binýady arkaly ýurda gelýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň hasabatyny ýöretmek işlerini gurnamak boýunça elektron awtoulag karty dörediler. Bu ugurda öňde durýan wezipeler “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentehnogurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli aralykda amala aşyrylar.
Sanly ulgamyň ulag pudagyna tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylmagy, sebitiň we yklymyň iri ulag geçelgesi hökmünde ykrar edilen ýurdumyzyň ulag toplumynyň kuwwatyny has-da artdyrar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda içerki hem-de dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt we netijeli iberilmegine mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň, önümçilik-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biridir. Mundan başga-da, ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan islegleriniň hem artmagyna goşant goşýar. Şeýle döwürde tehnologiýanyň ösen derejesi bilen aýakdaş gitmegiň pudagyň diňe bir kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça goşmaça talaplary däl, eýsem, täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri işläp düzmäge mümkinçilik berjekdigi bellärliklidir.
Soňky gysga wagtyň içinde ulaglar pudagynda häzirki zaman hyzmatlarynyň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi we halkymyzyň arasynda gyzgyn goldawa eýe boldy. Olaryň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Taksi” hyzmatynyň ýola goýulmagyny, petekleriň elektron görnüşde tölenmegini we beýleki innowasion hyzmatlary görkezmek bolar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çalt depginler bilen ösýän ulag ulgamynyň kämilleşmegi, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna itergi berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän işler Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilip, halkara hyzmatdaşlygynyň has hem giň gerime eýe bolmagyna, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-
gurluşyk institutynyň ilkinji ýaşlar
guramasynyň başlygy.