Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de mil­li­on­lar­ça adam spor­tuň ten­nis gör­nü­şi bo­ýun­ça iç­gin gy­zyk­lan­ýar. Spor­tuň Olim­pi­ýa gör­nü­şi bo­lan ten­ni­siň iň uly bäs­le­şi­gi her ýyl­da ge­çi­ril­ýän “Uly tu­wul­ga” (Grand Slam) bäs­le­şik­le­ri­dir. Her ýyl­da 4 “Uly tu­wul­ga” bäs­le­şi­gi bo­lup, olar “Awst­ra­li­ýa Açyk”, “Fran­si­ýa Açyk”, “Wimb­le­don” hem-de “Ame­ri­ka Açyk” ten­nis ýa­ryş­la­ry­dyr. Is­len­dik ten­nis­çi­niň ar­zu­wy äh­li ba­bat­da ab­raý­ly bo­lan bu ýa­ryş­lar­da ýe­ňi­ji bol­mak­dyr. “Uly tu­wul­ga­la­ryň” iň ga­dy­my­sy “Wimb­le­don” bo­lup, 1877-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Äh­li ten­nis ýa­ryş­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, “Uly tu­wul­ga­lar­da” “Açyk dö­wür” (Open Era) di­ýen ter­mi­no­lo­gi­ýa bar. Ýag­ny 1968-nji ýyl­dan baş­lap, äh­li ten­nis ýa­ryş­la­ry­na pro­fes­sio­nal­la­r hem gat­na­şyp ugraýar. Şol ýy­la çen­li bäs­le­şik­lere hö­wes­jeň­ler gat­naş­ýar­dy. Şon­dan soň, pro­fes­sio­nal­lar bi­len hö­wes­jeň­ler bi­le­lik­de çy­kyş edip ug­ra­dy.

Ten­nis spor­ty 1896-njy ýyl­dan 1924-nji ýyl­da­ky Olim­pia­da çen­li Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­ýär. Ýö­ne pro­fes­sio­nal­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gyn­dan soň, ol Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­syn­dan çy­ka­ryl­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da uzak ýyl­lar pro­fes­sio­nal tür­gen­le­riň çy­kyş et­me­gi­ne rug­sat be­ril­me­ýär­di. Ten­nis 1988-nji ýyl­dan baş­lap, ýe­ne-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­ýär.

Bir möw­süm­de 4 “Uly tu­wul­ga­ny” ga­zan­mak, ýag­ny, “Al­tyn tu­wul­ga” de­re­je­si­ne ýet­mek hä­zir­lik­çe di­ňe bir ten­nis­çä ba­şart­dy. Dün­ýä bel­li ger­ma­ni­ýa­ly ze­nan ten­nis­çi Ştef­fi Graf 1988-nji ýyl­da 4 “Uly tu­wul­ga­ny-da” ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Ol bu ta­ry­hy ba­şar­ny­gy­nyň üs­tü­ni şol ýyl Se­ul­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da-da al­tyn me­da­ly bi­len ýe­tir­ýär. Umu­my­lyk­da 4 “Uly tu­wul­ga­ny” hem-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň al­tyn me­da­ly­ny dür­li ýyl­lar­da bol­sa-da ga­za­nan tür­gen­ler bar. Bu 5 çem­pi­on­lyk “Ka­ri­ýer Al­tyn tu­wul­ga” (Career Gol­den Slam) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ştef­fi Graf­dan baş­ga-da onuň ýan­ýol­da­şy ame­ri­ka­ly ten­nis­çi And­re Agas­si, is­pa­ni­ýa­ly Ra­fa­el Na­dal, ame­ri­ka­ly ten­nis­çi ze­nan Se­re­na Wil­liams ýe­ke­le­ýin ýa­ryş­lar­da “Ka­ri­ýer Al­tyn tu­wul­ga” de­re­je­si­ne ýe­ten tür­gen­ler­dir. Jü­büt­le­ýin hem-de päs­gel­çi­lik ten­nis ýa­ryş­la­ry­ny göz öňün­de tu­ta­nyň­da 20 ten­nis­çi “Ka­ri­ýer Al­tyn tu­wul­ga” ba­şar­ny­gy­ny gör­kez­di.

“Uly tu­wul­ga­lar­da” hä­zir­ki wag­ta çen­li iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan er­kek ten­nis­çi şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­rer bo­lup, ol 20 ku­bok bi­len re­kor­dyň eýe­si­dir. Ra­fa­el Na­dal 19, No­wak Jo­ko­wiç 17 çem­pi­on­lyk bi­len 2-3-nji orun­la­ry eýe­le­ýär­ler. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da äh­li dö­wür­le­ri ha­sa­ba ala­nyň­da awst­ra­li­ýa­ly Mar­ga­ret Kourt 24 çem­pi­on­lyk bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. 2-nji orun­da­ky ame­ri­ka­ly Se­re­na Wil­li­am­syň 23, 3-nji bas­gan­çak­da­ky Ştef­fi Gra­fyň 22 çem­pi­on­ly­gy bar.