Ummanlary plastik galyndylardan arassalamak üçin giň gerimli işler geçirilýär. Bu barada Umman syýahat institutynyň resmi internet sahypasy habar berýär. Kaliforniýa bilen Gawaýiniň kenarlaryndaky ummanlaryň suwy boýunça hünärmenler 48 günüň dowamynda 103 tonna plastik zibili we balyk torlaryny elleri bilen ýygnadylar.
Umman syýahat institutynyň habar bermegine görä, bu giň gerimli arassalaýyş çäresi şu wagta çenli geçirilen esasy işleriň biri boldy. Mundan ozal, 2019-njy ýylda 25 günüň dowamynda arassaçylyk işleri geçirilipdi.
– Zähmetkeş toparymyza diýseň buýsanýaryn. Biz 100 tonna golaý plastik zibilleri hem-de tor galyndylaryny ýygnamagy maksat edinipdik. Maksadymyza ýetdik we has köp mukdarda zibilleri ýygnadyk. Bu asylly çäräni geçirmek bilen planetamyzyň arassalanmagy ugrundaky işlere goşant goşýarys – diýip, Umman syýahat institutynyň esaslandyryjysy Meri Krowleý gürrüň berýär. Her ýylda 12,7 million tonna plastik galyndylaryň ummanlara zyňylýandygy mälim edildi.
Pälwan Orazdurdyýew,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.