Bu wakanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi dabara aýratyn ähmiýet we çuňňur many berdi. Bu baýram halkymyzyň ruhy we watançylyk däpleriniň, hoşniýetli we parasatly hakykatlaryň dowamat-dowamdygyny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz binanyň içine girip, atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül dessesini goýdy. Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary türkmen halkynyň şöhratly oglunyň, watançy esger, hemmeleriň hormat goýýan ynsany Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine tagzym etdiler.
Dabaraly pursat gelip ýetýär – milli Liderimiz Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebe öz atasy – ussat mugallym, edermen esger B.Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny resmi taýdan gowşurýandygyny aýtdy. Goranmak ministri B.Gündogdyýew mukaddes gymmatlygy kabul etmäge taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz goranmak ministrine ýefreýtor Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurdy.
Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň ýolbaşçylary Watana baky wepaly boljakdyklary, gahryman ata-babalarymyz ýaly janlaryny gaýgyrman, Watan goragynda mertlerçe durjakdyklary barada harby kasamy ýerine ýetirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny ynandyrdylar.
Fronta meýletin gidip, Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertlerçe söweşen ýefreýtor Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoluny beýan edýän resminamalary gowşurmak dabarasyndan soň, döwlet Baştutanymyz mekdebiň okuw otagyna baryp, harby okuwçylara gymmatly öwüt-ündewlerini we atalyk pendini berdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere laýyk derejede enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen mekdebiň her bir okuwçysy üçin watançylyk kasamy baş ýörelgä öwrülmelidir. Okuwlaryny üstünlikli özleşdirmekleri, jogapkärli wezipeleri çözmek üçin zerur bolan ukyp-başarnyklaryny ele almaklary, harby okuwlara işjeň gatnaşmaklary we öz hünärlerine ussatlyk bilen erk etmekleri, Watany goramak ýaly belent harby borja wepaly bolmaklary olaryň mukaddes maksatlary bolup durýar.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu ýylyň 9-njy maýynda uly baýramyň – 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda örän köp kynçylyklar we pidalar çekilip gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilip geçilendigini nygtady. Şu beýik baýram mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda dabaraly harby ýöriş guraldy. Bu ýörişde siziň okaýan ýöriteleşdirilen harby mekdebiňiziň okuwçylary hem şol gazaply urşa gatnaşan esgerleriň harby lybasynda buýsanç bilen geçdiler diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarynyň hünär derejesi we at-abraýy has-da beýgelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de geljekde-de ýurdumyzda ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet beriljekdigini nygtady.
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary bu ýerde harby bilimi, hünärleri ele almaga, okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge döredilen şertler üçin ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysyna çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar.
Harby okuwçylar iň täze harby tehnikalaryň nusgalaryndan peýdalanylýan okuw işiniň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Munuň özi okuwçylara öňdebaryjy tehnologiýalara erk etmegiň diňe bir nazary däl, eýsem, amaly başarnyklaryny ele almaga hem mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ýerde çagalary beden taýdan taýýarlamak üçin hem hemme mümkinçilikler bar. Okuwçylaryň arasynda ýaryşlaryň guralmagy olary sportda ýokary gazanylanlar bilen meşgullanmaga itergi berýär.
Harby okuwçylar Arkadag Prezidentimize atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan beýik maksatlara üstünlikli ýetmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
Berdimuhamet Annaýewiň gulluk eden polkunyň söweşjeň ýoly baradaky maglumatlar beýan edilen gowşurylan resminamalar hem-de sapança hakyndaky gürrüňlere dolanyp gelip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy olaryň ähmiýetiniň mekdep okuwçylarynyň Watana wepaly gulluk etmek hem-de harby borjy mynasyp ýerine ýetirmek babatda ruhlaryny galkyndyrmagynda jemlenýändigini nygtady. Munuň özi ykbalyny harby hünäre bagyşlan ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.
Soňra watançy esger B.Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň okuwçylary Döwlet kasamyny ýerine ýetirdiler hem-de milli Liderimiz bilen özleri üçin beýik nusga bolup durýan B.Annaýewiň heýkeliniň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.