Dublinde 93 ýaşynyň içinde irland edebiýatynda möhüm yz goýan romançy, şahyr zenan Wel Malkerns aradan çykdy. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär. Onuň “Time Outworn” we “The Peacock Cry” (Tawusyň sesi, 1954) ýaly eserleri Irlandiýanyň 1950-nji ýyllardaky durmuşy barada gymmatly maglumatlary berýär. Ol 1925-nji ýylda Dublinde aktýoruň maşgalasynda dünýä inýär. Başlangyç mekdepden soň, Dominikan kollejini tamamlaýar. Okuwyny uniwersitetde dowam etdirmäge mümkinçiligi bolman, döwlet diwanynda işe başlaýar. Ol 20 ýaşlaryndaka işden boş wagtlary Dubliniň Milli kitaphanasynyň okalga zalynda özüniň ilkinji romanyny ýazmaga girişýär. Şol döwürlerde ol Dublinden Angliýa gidýär hem-de üç ýylyň dowamynda birnäçe mekdeplerde sapak berýär.
Onuň pajygaly söýgi baradaky birinji romany “Time Outworn” (Garaşma wagty, 1951) 26 ýaşyndaka Londonda neşir edilýär. Ol 1952-1954-nji ýyllarda Dublinde çykýan edebiýat žurnaly “Bell”-de işleýär we köp sanly ýazyjylar bilen tanyşýar. Ol durmuşa çykyp üç çaganyň enesi bolandan soňra, edebiýat karýerasyny az wagtlyk bes edip, žurnalistika bilen meşgullanyp başlaýar. Ýöne 1970-nji ýylyň ahyrynda ol ýazyjylyk karýerasynyň ikinji tapgyryna girişýär.
Onuň “Antikwariat” atly hekaýalar ýygyndysy (1978) neşir edilenden soňra, üç sany täze romany we ýene-de iki hekaýalar ýygyndysy çap edilýär. Haçan-da, 1981-nji ýylda irland suratkeşleriniň we ýazyjylarynyň akademiýasy esaslandyrylandan soňra, Wel onuň agzalygyna saýlanýar. Onuň “Very Like a Whale” (1986) atly romanyndan soň, “Duşmanlar bilen dost”, “Ýatlama we arzuw” (2016) ýaly iň soňky eserleri çap edilýär.