Dün­ýä­niň köp şä­her­le­ri py­ýa­da gez­ýän­le­re we we­lo­si­ped sür­ýän­le­re has köp ýer ber­mek üçin ulag ul­gam­la­ry­ny üýt­ge­dip baş­la­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti we­lo­si­ped sür­mek we py­ýa­da ýö­re­mek üçin inf­rast­ruk­tu­ra­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga 2,5 mil­liard dol­lar­dan gow­rak pul se­riş­de­le­ri­ni bö­lüp ber­me­gi wa­da ber­di. Pa­riž­de 650 kilometrlik we­lo­si­ped ýol­la­ry gu­rul­ýar. Il-de-Frans se­bi­ti bu tas­la­ma üçin 300 mil­li­on ýew­ro çen­li se­riş­de bölüp ber­mä­ge ta­ýyn. Ita­li­ýa­da Mi­lan we­lo­si­ped zo­lak­la­ry­ny gur­ýar, ýol­la­ry gi­ňeld­ýär we aw­tou­lag­lar üçin sa­gat­da 30 ki­lo­met­re deň bo­lan çäk­len­di­ri­len tiz­li­gi gi­riz­ýär. Nýu-Ýork­da py­ýa­dalara we we­lo­si­ped sür­ýän­le­re kö­çä­niň 75 ki­lo­met­ri bö­lü­nip ber­ler. Ber­lin­de eý­ýäm goş­ma­ça we­lo­si­ped zo­lak­la­ry bö­lü­nip be­ril­di we Ger­ma­ni­ýa­nyň beý­le­ki 133 şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry hem şu­nuň ýa­ly üýt­geş­me­ler üçin ýüz tut­du­lar. Ýakynda Ko­lum­bi­ýa­nyň paý­tag­ty Bo­go­ta­da tak­my­nan, 120 ki­lo­metr­lik we­lo­si­ped ýo­ly açyl­dy. Şä­her hä­ki­mi­ýe­ti ula­gyň bu gör­nü­şi­ni bel­li bir ara­ly­gy sak­la­ma­gyň we ulag dyk­ny­şy­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin tä­sir­li se­riş­de­le­riň bi­ri ha­sap­la­ýar.
Şemşat GOŞNYÝAZOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ta­ly­by.