Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen “Hytaý Açyk” tennis ýaryşynda zenanlaryň arasynda daniýaly Karolina Wozniaski ýeňiş gazandy. 28 ýaşly tennisçi finalda latwiýaly Anastasiýa Sewastowadan 2:0 (6:3, 6:3) hasabynda üstün çykdy. Bu onuň karýerasyndaky 30-njy çempionlygy bolup, ol 2010-njy ýylda-da “Hytaý Açykda” ýeňiji bolupdy.
Erkekleriň arasynda-da gruziýaly Nikoloz Bazilaşwili ýeňiji boldy. Ol finalda argentinaly Huan Martin Del Potrony 2 setde-de 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň karýerasyndaky 2-nji ATP çempionlygydyr.