Dünýäniň köp sanly ýurdundan jahankeşdeleri özüne çekýän Wýetnamda täze syýahatçylyk desgasy peýda boldy. Ba Na depesinde uzynlygy 150 metre barabar bolan “Altyn köpri” desgasy iň bir gelim-gidimli ýere öwrüldi. Ilkibaşda bu desga seredeniňde, onuň köp ýyllyk taryhy bardyr öýdýäň. Köpri daşdan ýasalan eliň aýasynda ýerleşdirilipdir. Bu ýere gelýän jahankeşdeler özlerini edil bulutlaryň üstünde ýaly duýýandyklaryny mälim edýärler. Käbir syýahatçylar häzirki wagtda adam eli bilen köp sanly owadan arhitektura taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkindigini belleýär.
Bir aýyň dowamynda bu desga sebitiň iň köp üns çeken syýahatçylyk ýeri boldy. Köpri deňiz derejesinden 1400 metr belentlikde ýerleşýär. Bu ýerden tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamak mümkin.