Ýaponiýanyň hökümetinde esasy orny eýeleýän Liberal-demokrat partiýasy bilen “Täze Komeýto” partiýasy geçen hepdäniň ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawynda oňat netije gazandy. Olar ýurduň milli parlamentiniň ýokary palatasy hasaplanýan maslahatçylar palatasyndan köp orny eýelemegi başardy. Bu bolsa, ýurduň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Ýaponiýanyň Konstitusiýasyna käbir düzedişleri girizmegine mümkinçilik berer.
Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasynda 242 deputat bar. Olar 6 ýyl möhlete saýlanýar. Ýöne her üç ýyldan olaryň ýary täzeden saýlanýar. Şonuň üçin geçen hepdäniň ýekşenbe güni 121 deputaty saýlamak üçin saýlaw geçirildi.
Ýurduň saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, Liberal-demokrat partiýasy 56 orun, “Täze Komeýto” partiýasy bolsa, 13 orun eýeledi. Premýer-ministr Sindzo Abeniň ýurduň konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek babatdaky başlangyçlaryny goldaýan “Osaka isin” partiýasy hem 7 orun eýelemegi başardy. Ýaponiýanyň Demokratik partiýasy 32 orun, Kommunistik partiýasy 6 orun eýeledi, şeýle hem galan orunlara beýleki partiýalaryň agzalary saýlandy.
Saýlawdan soňra çykyş eden Premýer-ministr Sindzo Abe “abekonomika” ykdysady ugruny durmuşa geçirmek üçin tagalla etjekdigini hem-de milli parlamentiň mejlislerinde konstitusiýa üýtgetmeler girizmek babatdaky tekliplerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny mälim etdi.
“Kiodo” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, saýlawa gatnaşyk 54,7 göterime deň boldy. Bu görkeziji 2013-nji ýyldaky saýlawa görä, 2 göterim artyk. Ýaponiýanyň Administratiw işler we kommunikasiýa ministrliginiň habar bermegine görä, Tokio şäherinde, şeýle hem Tibe, Saýtama we Okinawa prefekturalarynda raýatlar saýlawa işjeň gatnaşdy. Şu gezekki saýlawda ilkinji gezek 70 ýyldan soňra ses berýänleriň ýaşy 20-den 18 ýaşa aşaklady. Ol hem 2,4 million raýatyň saýlawa gatnaşmagyna mümkinçilik berdi.