Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “The Econo­mist” žur­na­ly her ýyl çap ed­ýän ýa­şa­mak üçin iň amat­ly şä­her­le­riň sa­na­wy­nyň 2018-nji ýyl­da­ky gör­ke­zi­ji­le­ri­ni köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. “Glo­bal Livea­bi­li­ty Ran­king 2018” sa­na­wyn­da bi­rin­ji­li­gi Awst­ri­ýa­nyň We­na şä­he­ri eýe­le­di. Sa­naw­da ikin­ji we üçün­ji orun­lar de­giş­li­lik­de Awst­ra­li­ýa­nyň Mel­burn we Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­her­le­ri­ne de­giş­li bol­dy. Şeý­le hem il­kin­ji on­lu­ga Ka­na­da­nyň Kal­ga­ri, Awst­ra­li­ýa­nyň Sid­neý, Ka­na­da­nyň Wan­ku­wer, Ýa­po­ni­ýa­nyň To­kio, Ka­na­da­nyň To­ron­to, Da­ni­ýa­nyň Ko­pen­ga­gen we Awst­ra­li­ýa­nyň Ade­lai­da şä­her­le­ri ady­ny ýaz­dyr­dy.
Sa­naw­da We­na şä­he­ri 7 ýyl­dan soň­ra bi­rin­ji­li­gi eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Mun­dan ozal­ky 7 ýyl­da bi­rin­ji­lik Awst­ra­li­ýa­nyň Melb­urn şä­he­ri­ne de­giş­li­di.
Bu sa­naw­da şä­her­le­riň sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­ma­ty­nyň de­re­je­si, daş-tö­we­re­gi­niň aras­sa­ly­gy, me­de­ni, bi­lim we inf­rast­ruk­tu­ra ösü­şi­niň de­re­je­si ýa­ly gör­ke­zi­ji­le­ri göz öňün­de tu­tul­dy. Umu­man her ýyl dü­zül­ýän sa­naw­da 30 gör­ke­zi­ji­den ugur alyn­ýar.