Şweýsariýada “ýaşyl” energiýa strategiýasyny durmuşa geçirmek meselesi boýunça halka sala salyndy. Saýlawçylaryň 58 göterimi daşky gurşawy aýap saklamagy maksat edinýän bu usula razylyk berdi. Bilermenler täze energiýa strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin bu saýlawdan çykan netijäniň örän möhümdigini belleýärler. “Energiýa strategiýasy 2050” atly maksatnamada 2035-nji ýyla çenli energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň sarp edilişini 11400 gigawata, ýagny häzirki görkezijiniň 10 essesine çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulypdyr.
Şeýle hem maksatnamada 2050-nji ýyla çenli energiýanyň sarp edilişiniň 40 göterim azaldylmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da täze ýadro beketleriniň gurluşygy we energiýanyň bu usulynyň aradan aýrylmagy göz öňünde tutulýar.
Kanun doly güýje girenden soň, ýel we gidroelektrik beketler arkaly alynýan energiýanyň mukdary has hem artar.