Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazy himiki taýdan gaýtadan işlemek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Diýarymyzyň Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürýän iri gazhimiýa toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy tamamlandy. Şu ýylyň 28-nji iýunynda dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu iri ýangyç-energetika toplumy işe giriziler. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhananyň görkezijileri ýokary bolup durýar. Bu ýerde dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndüriler. Zawodyň taslama kuwwaty “Euro-5” standarty boýunça ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem bir ýylda arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda gurulýan gazhimiýa toplumlary ertirki gün ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Ýangyç-energetika pudagynyň iri kärhanasy – “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” (Ýaponiýa) we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde degişli Ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. 2014-nji ýylyň awgust aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy bolupdy. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap gazhimiýa toplumynda her ýyl “mawy ýangyjyň” 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler. Zawodyň düzüminde esasy dört tehnologik desga – gazy sintezleýji, sintez metanol öndürýän, sintez benzin öndürýän, awtomobil ýangyjynyň hilini ýokarlandyryjy desgalar bar. Işleriň hemmesi awtomatlaşdyryldy. Täze zawodyň işe goýberilmegi bilen ýurdumyzda ýene-de ýüzlerçe täze iş orunlary dörär.
Ýurdumyzda gurlan bu zawodda dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberlerinde tebigy gazy suwuk ýangyja öwürmek işi amala aşyrylar. “GTG-Gas to gasoline” taslamasy Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan tehnologiýasy esasynda amala aşyrylar. Sintetik benzin nebiti gaýtadan işlemekden alynýan adaty benzine alternatiw ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, energiýa serişdeleriniň täze görnüşi hökmünde hyzmat eder. Zawodda öndürilýän sintetik ýangyjyň ekologiýa häsiýetleri babatda hem tapawutly boljakdygyny bellemek zerurdyr. Onda daşky gurşaw üçin zyýanly bolan kükürtli birleşmeler, azotly organiki birleşmeler bolmaýar. Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda gurulýan iri senagat önümçilikleri üçin üýtgewsiz talaby bolup durýar. Ýurdumyzda gurulýan hem-de ulanmaga berilýän ähli iri zawoddyr kärhanalarda tebigata zyýansyz önümçiligiň ýola goýulmagy üçin innowasion işläp düzmelerden netijeli peýdalanylmaga ähmiýet berilýär. Bu hem ýurdumyzda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen bir hatarda, ekologiýa meselelerini sazlaşykly çözmek ugrunda uly tagallalaryň edilýändiginiň subutnamasydyr. Hususan-da, ýurdumyz halkara bileleşigiň zyňyndy bug gazlaryny azaltmak boýunça tagallalaryny goldamak bilen, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa hem-de serişdeleri tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ulanmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Ýurdumyzyň gazhimiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda bimöçber aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulniýaz BABAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.