Ýazuw ynsan durmuşynda howa ýaly zerur. Aslynda ýazuw ýönekeý bir zat ýaly, emma ol hem oýlanyp tapylan zatlaryň biridir. Ýazuw biziň eýýamymyzdan öňki 3200-nji ýyllarda şümerler tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Başda düşündirilmek islenen duýgy-düşünjeler dürli şekiller arkaly beýan edilipdir. Ol müňlerçe ýyllaryň geçmegi bilen kämilleşip, şu günki ýagdaýyna gelipdir.
Ýazuw–durmuşymyzda hem-de özara gatnaşyklarymyzda duýgy-düşünjelerimizi aýdyň beýan etmekde möhüm orun eýeleýär. Biz dürli taryhy wakalary, pursatlary ýazgylaryň üsti bilen öwrenýäris. Öwrenen zatlarymyzyň bellik edilmegi bolsa, olaryň ýadymyzda uzak wagtlap galmagyna kömek edýär. Beýnimiziň ortaky bölümi: ýakyn wagtda bolup geçen hadysalary wagtlaýynça ýatda saklaýar. Emma ýazanymyzda, öwrenilen zatlaryň iki-üç gezek gaýtalanmagy netijesinde, ýadymyzda has gowy galýar. Ýazgy ýazylýan pursatynda her söz edil beýnä ýazylýan ýaly özleşdirilýär. Şeýlelikde, öwrenilenler uzak wagtlap ýadymyzda galýar.
Ýazmagyň psihologik taýdan hem peýdasy diýseň uly. Çünki hat ýazanymyzda içimizi dökmek bilen ruhy taýdan aram tapýarys. Başgalara aýdyp bilmeýän duýgularymyzy, öýke-kinämizi birine aýdýan ýaly ýazgyda beýan etmek, beýnimizdäki oňaýsyz energiýalaryň aradan aýrylmagyna sebäp bolýar. Oňaýsyz energiýalar bolsa, gödek hereketlere, ruhy çökgünlige sebäp bolýar. Hat ýazyp rahatlanmak arkaly gereksiz düşünjelerden, ýürekgysgynç pikirlerden aňsat saplanmak mümkin. Ýazgylarymyzyň syrdaşdygyny unutmaly däl. Ýazyp rahatlanymyzdan soň, ony ýyrtyp, ýok edip bileris. Ýazmagyň pikirlenmegimizde, gürrüňdeşlikde ulanýan sözlemlerimiziň çeperliginde, söz baýlygymyzyň artmagynda täsiri uludyr.
Iňlis filosofy Fransis Bakonyň pikiriçe:
“Okamak ynsanyň ruhuny baýlaşdyrýar, gürleşmek ony taýýarlaýar, ýazmak bolsa, ony kämilleşdirýär”.