Ýew­ro­pa­nyň kos­mos agent­li­gi (ESA) hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň kos­mos agent­li­gi (JAXA) Gü­ne iň ýa­kyn pla­ne­ta Mer­ku­ri­ni ýa­kyn­dan öw­ren­ýär. Ýew­ro­pa­ly we ýa­pon hü­när­men­le­riň taý­ýar­lan “Be­piColom­bo” at­ly kos­mos gä­mi­si “Aria­ne 5” at­ly ra­ke­ta bi­len Fran­suz Gwi­ne­ýa­syn­dan uçu­ryl­dy. Ger­ma­ni­ýa­da­ky stan­si­ýa­nyň ast­ro­nom­la­ry­nyň kos­mos gä­mi­si­niň uçu­ryl­ma­gy­nyň yzy­sü­re sig­nal alyp baş­lan­dyk­la­ry ha­bar be­ril­di. 1,6 mil­liard ýew­ro sarp edi­len “Be­piColom­bo” tas­la­ma­sy hem Mer­ku­riý ba­ra­da mag­lu­mat top­la­ma­gy, hem-de Gün ul­ga­my­na de­giş­li Ýer­den alyp bol­ma­ýan mag­lu­mat­la­ry ýyg­na­ma­ga ýar­dam eder. Je­mi 9 mil­liard ki­lo­met­re ba­ra­bar ýol ýö­re­jek “Be­piColom­bo” ýa­pon­la­ryň we ýew­ro­pa­ly­la­ryň iş­läp dü­zen iki aý­ra­tyn en­ja­myn­dan yba­rat. Kos­mos gä­mi­si­niň 2025-nji ýyl­da bar­ma­ly men­zi­li­ne ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Mer­ku­ri­niň or­bi­ta­sy­na ba­ran­soň, iki aý­ra­tyn eme­li hem­ra bi­ri-bi­rin­den aý­ry­lar. Ýa­pon eme­li hem­ra­sy pla­ne­ta­nyň mag­nit meý­da­ny­ny we Gün­de dö­re­ýän ýe­liň tä­si­ri­ni öw­re­ner. Ýew­ro­pa­ly­la­ryň eme­li hem­ra­sy pla­ne­ta­nyň ýü­zü­niň kar­ta­sy­ny taý­ýar­lar we onuň üst­ki gat­la­gy ba­ra­da mag­lu­mat top­lar. Gü­ne iň ýa­kyn pla­ne­ta bo­lan Mer­ku­ri­niň dia­met­ri 4 müň 880 ki­lo­met­re ba­ra­bar. Onuň ýü­zü­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy gi­je­si­ne -173 de­re­je, gün­di­zi­ne 427 de­re­jä ba­ra­bar. Bi­ler­men­ler pla­ne­ta­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň ys­sy­dy­gy se­bäp­li bu tas­la­ma­nyň kyn­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şol se­bäp­li hü­när­men­ler şeý­le ho­wa şert­le­rin­de iş­läp bil­jek en­ja­my iş­läp taý­ýar­lap­dyr­lar. En­ja­myň da­şy Gün­den gel­ýän şöh­lä­ni we pla­ne­ta­nyň gyz­gyn­ly­gy­ny gaý­tar­ýar. ESA-nyň en­ja­my pla­ne­ta has go­laý ba­ryp, ol jül­ge­le­ri, düz­lük­le­ri la­zer ar­ka­ly anyk­lar. Ýa­pon­la­ryň en­ja­my bol­sa, Mer­ku­ri­ni uzak­dan syn­lar.
“Be­piColom­bo” We­ne­ra­nyň hem ýü­zün­de bar­lag ge­çir­mek­de peý­da­la­ny­lar. Şeý­le hem pla­ne­ta­nyň hi­mi­ki hä­si­ýet­na­ma­sy we Gü­nüň Mer­ku­ri­ni dar­tyş güý­ji ha­sap­la­nar. Üs­ti ga­ýa­lyk­lar bi­len ör­tü­len pla­ne­ta­da­ Ýe­riň mer­ke­zin­dä­ki­den has köp muk­dar­da­ de­mriň bardygy çak­la­nyl­ýar.