Türkiýe Respublikasy 2020-nji ýylda öz öndüren emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmagy göz öňünde tutýar. Ýurduň ilkinji ýerli önümçiligi boljak “TÜRKSAT-6A” emeli hemrasynyň taslama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Häzirki wagtda onuň käbir bölekleriniň synag işleri amala aşyrylýar. Täze emeli hemranyň synag işleri 2018-nji ýylda-da dowam etdirilip, ony 2020-nji ýylda uçurmak meýilleşdirilýär. Fransiýada we Ýaponiýada bilim alan türk inženerleri tarapyndan öndürilýän emeli hemra üçin 600 million türk lirasy (170 mln$) möçberinde serişde goýberildi.
Emeli hemranyň agramy ýangyjy bilen bilelikde 4,3 tonna barabar bolar. Ol älem giňişliginde 42-nji gradusda ýerleşdirilip, aragatnaşyk hemrasy Türkiýäniň, Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Aziýanyň belli bir bölegini gurşap alar. Onuň kosmos giňişliginde galmak möhleti 15 ýyldyr. 2014-nji ýylda bu taslama durmuşa geçirilmäge başlandy.