Ýer ýü­zün­de ada­myň ýa­şa­ma­ýan ýe­ri ga­ty az. Is­len­dik top­rak-ho­wa şert­le­rin­de – Af­ri­ka­nyň ys­sy çöl­le­rin­de, ýy­lyň dowamynda gar­ly we buz­ly bol­ýan Si­bir­de asyr­lar­bo­ýy ýa­şaý­şyň do­wam edip gel­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, Ýer ýü­zün­de An­tark­ti­ka­nyň da­şyn­da­ky ýer­le­riň ýa­ry­syn­da ada­m ýa­şa­ma­ýar. “Science Dai­ly” ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, de­giş­li öňü­ni alyş çä­re­le­ri ge­çi­ri­len halatynda ada­m ýa­şa­ma­ýan ýer­le­ri te­bi­gy ýag­daý­da sak­lap bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem yl­my iş ba­ra­da “Glo­bal Chan­ge Bio­lo­gy” žur­na­lyn­da ma­ka­la çap edil­di. De­giş­li işi ge­çir­mek üçin dür­li dö­wür­ler­de taý­ýar­la­nan 4 kar­ta­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ada­m “aýa­gy se­ken” ýer­ler hök­mün­de eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nyl­ýan ýer­ler, fer­ma­lar, mag­dan çy­ka­ryl­ýan ýer­ler hem-de şä­her­dir oba­lar gi­ri­zi­lip­dir. Yl­my bar­la­ga gat­na­şan Er­le El­lis ada­myň dür­li mak­sat­lar üçin top­rak­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny, bu meý­dan­la­ryň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­nyň giň möç­ber­li we yzy­gi­der­li ula­nyl­ma­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar. Ýer ýü­zü­niň 15 gö­te­ri­mi, de­ňiz­le­riň 10 gö­te­ri­mi go­rag­ha­na­la­ryň çä­gin­de ýer­leş­ýär ýa-da başga maksatlar üçin go­ra­lyp sak­lan­ýar. Hü­när­men­ler de­ňiz­le­riň 50 gö­te­ri­miniň goralyp saklanylmalydygyna ün­si çek­ýär­ler.