Hünärmenleriň aýtmagyna görä, her iki hepdeden dünýäniň halklarynyň gepleýän 6 müňden gowrak dilinden ortaça bir dili ýitip gidýär. Çaklamalara görä, asyryň ahyryna çenli bar bolan dilleriň ýaryna golaýy ýitip gider diýlip çaklanylýar. Birleşen Milletler Guramasy müňlerçe aborigenleriň medeniýetiniň howp astyndadygyny duýdurýar.
BMG-niň bilermenleri ýerli halklaryň dillerini geljekki nesiller üçin goramaga çagyryş edýär. Olar şeýle dilleriň 40 göteriminiň, ýagny, 2 müň 800-iniň ýitip ýok bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz durandygyny öňe sürýärler.
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Ýer ýüzüniň 22 göterimi aborigenleriň ygtyýaryndadyr. Olaryň ýaşaýan ýerlerinde dünýäniň biologik dürli-dürlüliginiň 80 göterim töweregi jemlenendir. Ýerli halklar özleriniň däp-dessurlaryna esaslanýan ýaşaýyş-durmuş ýörelgesi bilen dilleriň hem-de tebigatyň hakyky howandarlarydyr.
– Ýewropaly aborigenler Arktikany gorap saklaýarlar. Ýöne daşky gurşawyň üýtgemegi olaryň durmuşyna düýpli howp salýar – diýip, daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýewropa Bileleşiginiň wekili Federika Mogerini belleýär. Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Ýewropa Bileleşiginiň dilleri we medeni dürli-dürlüligi goramaga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek mälim etdi.
Dünýäniň 90 ýurdunda asly oturymly halklaryň 370 milliony ýaşaýar. Olarda 5 müňden gowrak özboluşly medeniýet bolup, olaryň goralmagy halkara jemgyýetçiliginiň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Ýerli dillerde dünýäniň ilatynyň diňe 4 göterimi gürleýär. Olaryň köpüsi ýitip gitmegiň öňüsyrasynda durup, olar bilen birlikde birgiden medeniýet, bilim we däp-dessurlar hem howp astynda galýarlar.
BMG-niň Baş Assambleýasy howpuň çynlakaýlygyny öňe sürüp, 2019-njy ýyly “Ýerli halklaryň dilleriniň halkara ýyly” diýip, yglan etdi. Şu ýylyň başyndan bäri bütin dünýäde ýerli halklaryň dillerine bagyşlanan dürli çäreler geçirilip gelinýär. Olaryň baş maksady ýerli halklaryň dillerini goramaga jemgyýetiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Ýerli jemgyýetleriň wekilleriniň aýdyşy ýaly, “Öz ene dilini bilýän halk, ýaşamagyny dowam etdirýär”. Şeýle hem ÝUNESKO-da ýitip barýan dilleriň Atlasy döredildi. Oňa gyzyklanýan diliň adyny girizip, ol dilde näçe adamyň gürleşýändigini we ýitip gitmek howpunyň näderejededigini anyklap bolýar.