Şweý­sa­ri­ýa­nyň mil­li ban­ky (SNB) 1 müň frank möç­be­rin­dä­ki tä­ze ka­gyz pu­lu­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Bu ka­gyz pu­ly Ýew­ro­pa­nyň iň uly, dün­ýä­de bol­sa, 10 müň bru­neý dol­la­ryn­dan soň­ra ikin­ji uly ka­gyz pu­l­dur. Şweý­sar ban­ky­nyň çy­karan bu ka­gyz pu­ly ýur­duň mil­li pu­lu­nyň 5-nji nusgasydyr. Mun­dan ozal, 10, 20, 50 we 200 frank pul­la­ry çap edi­lip­di. Tä­ze pul bir­li­gi 2019-njy ýy­lyň 13-nji mar­tyn­dan başlap, söw­da do­la­ny­şy­gy­na gi­ri­zi­ler.
Şweý­sa­ri­ýa­nyň nagt pul­la­ry hem-de iri ka­gyz pul­la­ry me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry bo­ýun­ça uly meş­hur­lyk­dan peý­da­lan­ýar. Ýurt­daky nagt ha­sap­la­şyk­laryň möçberi umu­my ha­sap­la­şyk­la­ryň 70 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. Ýur­duň ra­ýat­la­ry­nyň 40 gö­te­ri­mi­niň azyn­dan ýyl­da bir ge­zek 1 müň frank bi­len söw­da iş­le­ri­ni ama­la aşyr­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.

Arslan GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.