Häzirki wagtda Türkmenistan abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary giňeldip, Ýewraziýa patent guramasy (ÝAPO) bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça zerur çäreleri amala aşyrýar.

Ýew­ra­zi­ýa pa­tent gu­ra­ma­sy 1995-nji ýyl­da Ýew­ra­zi­ýa­nyň pa­tent kon­wen­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len döwletara gu­ra­ma­sy­dyr. Ol Ýew­ra­zi­ýa­nyň pa­tent ul­ga­my­nyň iş­le­me­gi we Ýew­ra­zi­ýa pa­tent­le­ri­niň be­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly do­lan­dy­ryş me­se­le­le­rini ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len gu­ra­ma­dyr. Gu­ra­ma­nyň ştab-kwar­ti­ra­sy Mosk­wa­da ýer­leş­ip, onuň hä­zir­ki pre­zi­den­ti Sau­le Tlew­le­so­wa­dyr. Ýew­ra­zi­ýa pa­tent kon­wen­si­ýa­sy­ny tas­syk­lan 8 döw­let – Er­me­nis­tan, Azer­baý­jan, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy, Ga­za­gys­tan, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy, Rus­si­ýa, Tä­ji­gis­tan we Türk­me­nis­tan gu­ra­ma­nyň ag­za­la­ry­dyr. Gu­ra­ma­nyň eda­ra­la­ry Do­lan­dy­ry­jy ge­ňeş we Ýew­ra­zi­ýa pa­tent eda­ra­sy­dyr. Ýew­ra­zi­ýa pa­tent eda­ra­sy gu­ra­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­sy bo­lup, gu­ra­ma­nyň äh­li do­lan­dy­ryş iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. ÝA­PO-nyň pre­zi­den­ti onuň gur­lu­şy­ny kes­git­leýär, eda­ra­nyň işi üçin Do­lan­dy­ry­jy ge­ňe­şiň öňün­de jo­gap­kär bo­lup, giň yg­ty­ýar­lyk­la­ra eýe­dir:
Ka­da­laş­dy­ry­jy res­mi­na­ma­la­ryň çap edil­me­gi­ni goş­mak bi­len ÝA­PO-nyň işi­ne la­ýyk gel­ýän äh­li çä­re­le­ri gör­mek;
Ýew­ra­zi­ýa pa­tent kon­wen­si­ýa­sy­na we ÝA­PO-nyň beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­leri gi­riz­mek ba­ra­da Do­lan­dy­ry­jy ge­ňe­şe tek­lip­leri iber­mek;
ÝA­PO-nyň býu­je­ti­niň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak we ka­bul edi­len­den soň ýe­ri­ne ýe­tir­mek;
Do­lan­dy­ryjy geňeşe gu­ra­ma­nyň ýyl­lyk işi ba­ra­da­ky ha­sa­ba­ty­ny we ýyl­lyk ha­sap­la­ry­ny tab­şyr­mak;
Ýew­ra­zi­ýa pa­tent eda­ra­sy­nyň şta­tyn­da her bir gat­na­şy­jy döw­le­tiň öz pa­ýy bo­lup, ol do­lan­dy­ryş ka­da­la­ry­nyň 9 düz­gü­ni bi­len kes­git­le­nil­ýär.
ÝA­PO hö­kü­me­ta­ra gu­ra­ma­sy bo­lup, her ýur­duň mil­li ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da de­giş­li yg­ty­ýar­lyk­la­ra eýe­dir. Ýew­ra­zi­ýa pa­tent eda­ra­sy di­ňe oý­lap ta­pyş­lar üçin pa­tent go­ra­gy­ny üp­jün ed­ýär. Ge­ňe­şiň esa­sy işi, se­na­gat eýe­çi­li­gi­ni go­ra­mak bo­ýun­ça döw­le­ta­ra ul­gam dö­ret­mek we bu ugur­da mil­li ka­nun­la­ry saz­laş­dyr­mak bo­lup dur­ýar. Gu­ra­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy kon­wen­si­ýa gat­naş­ýan äh­li döw­let­le­riň çä­gin­de he­re­ket ed­ýän ýe­ke-täk Ýew­ra­zi­ýa pa­ten­ti esa­syn­da oý­lap ta­pyş­la­ry hu­kuk taý­dan go­ra­ma­gyň hal­ka­ra we se­bit­le­ýin ul­ga­my­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr.
Türkmenistan In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň Bü­tin­dün­ýä ul­ga­my­na ag­za bol­mak bi­len, Ýew­ra­zi­ýa pa­tent kon­wen­si­ýa­sy­na go­şu­lan il­kin­ji döw­let bo­lup dur­ýar. Şun­luk­da, Türk­me­nis­tan bi­te­wi pa­ten­tiň esa­syn­da go­ra­gyň tä­ze döw­le­ta­ra ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi­niň ba­şy­ny baş­la­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de ýurdumyz bu Kon­wen­si­ýa­nyň, şeý­le hem se­na­gat eýe­çi­li­gi­ni go­ra­mak bo­ýun­ça Pa­riž Kon­wen­si­ýa­sy­nyň, Pa­tent Koo­pe­ra­si­ýa­sy ha­kyn­da­ky Şert­na­ma­nyň, söw­da ny­şan­la­ry­nyň hal­ka­ra ha­sa­ba al­ny­şy ha­kyn­da­ky yla­la­şy­gyň Mad­rid tes­wir­na­ma­sy­nyň, Hal­ka­ra pa­tent klas­si­fi­ka­si­ýa­sy ha­kyn­da­ky Stras­burg yla­la­şy­gy­nyň, se­na­gat nus­ga­la­ry­nyň Hal­ka­ra klas­si­fi­ka­si­ýa­sy­ny esas­lan­dyr­mak ha­kyn­da­ky Lo­karno yla­la­şy­gy­nyň, ny­şan­la­ry ha­sa­ba al­mak üçin ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň Hal­ka­ra klas­si­fi­ka­si­ýa­sy ha­kyn­da­ky Nissa yla­la­şy­gy­nyň, ny­şan­la­ryň şe­kil­len­di­riş gör­nüş­le­ri­niň Hal­ka­ra klas­si­fi­ka­si­ýa­sy­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ky We­na yla­la­şy­gy­nyň do­ly hu­kuk­ly gat­na­şy­jy­sy bo­lup dur­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýurdumyzyň Ýew­ra­zi­ýa pa­tent gu­ra­ma­sy­nyň Dolandyryjy ge­ňe­şin­de öz we­kil­le­ri bar.
Soň­ky ýyl­lar­da bu pu­dak­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da ägirt uly iş­ler edil­di. Bu bol­sa ýur­du­my­za se­na­gat eýe­çi­li­gi pu­da­gyn­da­ky dün­ýä ul­ga­my­na üs­tün­lik­li­ go­şul­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di. Ýur­du­my­zyň pa­tent ul­ga­my hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­mek bi­len, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ýo­la go­ýul­ma­gy­na we çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­mak bilen ýur­du­myz­da yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň öňe git­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.