14-nji aprelde Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlarynyň ýolbaşçylary wideokonferensiýa arkaly sammit geçirdiler. Ykdysadyýeti durnuklaşdyrmak boýunça çözgütleri işläp düzmek bu maslahatyň esasy meseleleriniň biri boldy. Sammitde gazyň bahasy barada pikir alşyldy. Bu duşuşyk Ýewraziýa Ykdysady Geňeşiniň başlygy bolup durýan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň başlangyjy bilen guraldy. Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň onlaýn mejlisine gatnaşdylar. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlarynyň ýolbaşçylary onlaýn sammitinde iş bilen baglanyşykly hereketleri, orta we kiçi telekeçileri goldamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýewraziýa Ykdysady Geňeşi Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň iň ýokary edarasydyr. Geňeşe Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlaryň – Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri girýärler. Bu bileleşik Gümrük bileleşigi we umumy ykdysady giňişlik esasynda döredilip, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri işleýär. 2019-njy ýylda Ýewraziýanyň Ykdysady Geňeşine Ermenistan ýolbaşçylyk etdi. Bu ýyl bolsa Belarus Respublikasy ýolbaşçylyk edýär.