Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň üçden 2 böleginde benzin bilen işleýän ulaglar ulanylýar. Bu barada ÝB-niň Statistika edarasy habar berýär.
Benzin bilen işleýän ulaglaryň has köp ulanylýan ýurdy Kiprdir. Bu ýurtdaky görkeziji 84 göterime deňdir. Soňra degişlilikde, Finlýandiýa (74 göterim), Daniýa (69 göterim) we Wengriýa (68 göterim) ýaly ýurtlar gelýär.
Dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň görkezijileri boýunça öňdeligi Fransiýa eýeleýär. Onuň görkezijisi 68 göterime barabardyr. Şeýle hem bu ugurda Litwanyň görkezijisi 67 göterime, Lýuksemburguňky 62 göterime, Belgiýanyňky 58 göterime, Ispaniýa we Awstriýanyňky 57 göterime, Latwiýa we Portugaliýanyňky 56 göterime we Irlandiýanyňky 53 göterime deňdir.
Ýangyjyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanýan ulaglaryň sanawynda Polşa 15 göterim bilen öňdebaryjydyr. Şeýle hem Litwa (9 göterim), Italiýa we Latwiýa (8 göterim) ýaly ýurtlaryň raýatlary alternatiw çeşmeli ulaglara has köp ähmiýet berýär.
Taňryguly KÖŞEKOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.