Elektrokarlaryň ýaýbaňlanmagy bilen sürüjileriň gündelik endiklerini hem üýtgeýär. Adaty ýangyçly ulaglara ýangyç doldurmak üçin birnäçe minut ýeterlik bolsa, elektrokarlar üçin birnäçe sagat gerek. Şol sebäpli elektroulagyň ýaýran ýurtlarynda awtoduralgalarda ýörite zarýad berilýän beketler bar. Şeýle hem söwda merkezleridir iş ýerleriniň duralgalarynda belli bir wagta çenli tölegsiz hyzmat edýän beketler ýerleşdirilen. Bu beketler sürüji supermarketden ýa-da dükanlardan gerekli zatlaryny alyp gelýänçä ulaga zarýad berýär. Şeýlelikde, sürüji ulaga zarýad bermek üçin wagtyny ýitirmeýär. Golaýda “Taycan” atly elektrokaryny satuwa çykaran “Porsche” kompaniýasy Germaniýanyň Leýpsig şäherinde Ýewropanyň iň uly elektrik beketli duralgasyny ulanmaga berdi. Bu ýerde elektrik energiýasynyň alternatiw çeşmeden öndürilýändigi hem mälim edildi. Duralga kiçiräk güýmenje merkeziniň, awtoulag muzeýiniň we dükanlaryň ýanynda döredilipdir.