Soň­ky ýyl­lar­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň gir­de­ji­li pu­dak­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öz my­na­syp or­nu­ny eýeledi. Dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gy her ýyl dur­nuk­ly ösü­şe eýe bo­lup, 4-5 gö­te­ri­me deň bol­ýar. Ja­han­keş­de­le­riň sa­ny-da ep-es­li ar­typ, 1 mil­liard­dan geç­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu pu­da­gyn­da, esa­san hem, Ýew­ro­pa se­bi­ti öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na dün­ýä­niň en­çe­me döw­le­tin­den ja­han­keş­de­ler yzy­gi­der­li gel­ýär. Şu ýer­de Ýew­ro­pa se­bi­tin­de il­kin­ji on­lu­ga gi­ren ýurt­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk ýag­da­ýy­na syn ede­liň:

1. Fran­si­ýa – 83,7 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
Sy­ýa­hat­çy­lyk Fran­si­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. 1990-njy ýyl­la­ryň baş­la­ryn­dan bä­ri, Fran­si­ýa dün­ýä­niň esa­sy ja­han­keş­de­lik ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de öň­de­li­gi eýe­läp gel­ýär. Her ýyl bu ýur­da or­ta­ça 83,7 mil­li­on ja­han­keş­de gel­ýär.
Ja­han­keş­de­le­ri bu ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky köp­dür­lü­lik özü­ne çek­ýär. Fran­si­ýa te­bi­gy aja­ýyp­lyk­la­ry, baý ta­ry­hy we sun­gat gym­mat­lyk­la­ry, aja­ýyp ho­wa­sy bi­len adam­la­ry ben­di ed­ýär. Ja­han­keş­de­le­re edil­ýän ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hyz­mat­lar, ulag ul­ga­my­nyň ýe­ňil­lik­le­ri pu­da­gyň ösü­şi­niň esa­sy ýagdaý­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­duň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da 700 müň­den gow­rak adam iş­le­ýär.

2. Is­pa­ni­ýa – 65 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
1960-njy ýyl­lar­da Is­pa­ni­ýa­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy iş­jeň ýag­daý­da ös­dü­ri­lip baş­lan­dy. Şol dö­wür­de Ýew­ro­pa­nyň iri döw­let­le­ri­niň ra­ýat­la­ry bu ýer­de dynç al­ýar­dy. Esa­san hem, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we Fran­si­ýa­nyň ra­ýat­la­ry köp gel­ýär­di. 2010-njy ýyl­dan bä­ri, Is­pa­ni­ýa Fran­si­ýa­dan, ABŞ-dan we Hy­taý­dan soň­ra 4-nji orun­da dur­ýar. Deň­ziň ke­na­ryn­da­ky dynç alyş sy­ýa­hat­çy­ly­gyň esa­sy­ny düz­ýär. Ol sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ösüş ýo­lu­na ga­dam ba­san il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan bä­ri ös­dü­ril­ýär. Bu ugur sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy üçin gir­de­ji­li ugur­la­ryň bi­ri­dir.

3. Ita­li­ýa – 48,6 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
Ita­li­ýa Ýew­ro­pa me­de­ni­ýe­ti­niň dö­rän ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Ýur­duň köp san­ly şä­he­rin­de ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ta­ry­hy ýer­le­riň dur­ku­ny tä­ze­le­mek üçin köp muk­dar­da pul se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Mu­ňa my­sal edip, Pi­zan di­ňi­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek üçin 25 mil­li­on ýew­ro sarp edil­di. Rim­dä­ki yba­dat­ha­na­nyň kä­bir re­je­le­ýiş iş­le­ri üçin 20 mil­li­on ýew­ro goý­be­ril­di.
Ita­li­ýa gel­ýän da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar ýaş aý­ra­tyn­ly­gy bo­ýun­ça 2 bö­le­ge bö­lün­ýär. 35-44 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ja­han­keş­de­ler me­de­ni sy­ýa­hat­çy­ly­ga köp üns ber­ýär. 45-64 ýaş ara­ly­gyn­da­ky sy­ýa­hat­çy­lar dag sy­ýa­hat­çy­ly­gy, ag­rar sy­ýa­hat­çy­ly­gy ýa­ly ugur­la­ry saý­lap al­ýar­lar.

4. Ger­ma­ni­ýa – 33 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy Ýew­ro­pa­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­duň ila­ty­nyň 30 gö­te­ri­mi öz ýur­dun­da sy­ýa­hat et­me­gi ha­la­ýar. Her ýyl Ger­ma­ni­ýa­da köp san­ly iri söw­da ýar­mar­ka­la­ry we hal­ka­ra ser­gi­leri ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hal­ka­ra fo­rum­lar dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan ja­han­keş­de­le­ri çek­ýär. Mun­dan baş­ga-da Ger­ma­ni­ýa­da­ky aý­dym-saz fes­ti­wal­la­ry-da ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni çek­ýär.

5. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa – 32,6 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­ga gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ra or­ta asyr­la­ra de­giş­li köşk­ler, yba­dat­ha­na­lar, oba ýer­le­ri­niň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri ga­raş­ýar. Lon­don şä­he­ri söw­da et­mek üçin hem amat­ly ýer ha­sap­lan­ýar. Bu ýere söw­da üçin ýö­ri­te gel­ýän­le­riň sa­ny hem az däl. Ga­ly­ber­se-de, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa owa­dan ýer­le­ri bo­ýun­ça baý ýurt­la­ryň bi­ri­dir.

6. Rus­si­ýa – 29,8 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
Baý me­de­ni mi­ra­sy hem-de te­bi­ga­ty­nyň köp­dür­lü­li­gi Rus­si­ýa­nyň dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­me­gi­ne go­şant goş­ýar. Ýur­duň çä­gin­de ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şu­lan 26 des­ga bar. Dür­li se­bit­ler we et­nik halk­lar Rus­si­ýa­nyň däp-des­sur­la­ry­nyň köp­dür­lü­li­gi­ni eme­le ge­ti­rip, ol hem ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni çek­ýär.

7. Awst­ri­ýa – 25,3 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
Awst­ri­ýa – me­de­ni we «ýa­şyl» sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ýur­dy. Sy­ýa­hat­çy­lyk ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy bö­le­gi­ bolup, ol umu­my içer­ki önü­miň 9 gö­te­ri­mine deň­dir. Bu ýur­da gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň ag­la­ba­sy We­na şä­he­rin­de ge­ze­lenç ed­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da Mo­sar­tyň wa­ta­ny ha­sap­lan­ýan Zals­burk, Ins­burk şä­her­le­ri hem köp adam­ly bol­ýar. Ýur­duň gün­ba­tar bö­le­gin­de Bo­den kö­lü­niň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri ja­han­keş­de­le­ri özü­ne ben­di ed­ýär. Şeý­le hem sy­ýa­hat­çy­la­ry Awst­ri­ýa­nyň dag ly­ža spor­ty hem özü­ne çek­ýär. Sun­gat bi­len gy­zyk­lan­ýan myh­man­lar üçin Awst­ri­ýa­da köp san­ly teatr we mu­zeý bar.

8.Gre­si­ýa – 22 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
Gre­si­ýa ja­han­keş­de­le­ri özü­niň göz­ba­şy­ny ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýan baý ta­ry­hy we däp-des­sur­la­ry bi­len ben­di ed­ýär. Ýö­ne soň­ky ýyl­lar­da de­ňiz ke­na­ryn­da­ky şy­pa­ha­na­lar­da dynç al­ýan­la­ryň sa­ny ep-es­li kö­pel­di. Krit, Pe­lo­pen­nes, Ro­dos ýa­ly ada­lar tä­sin gö­zel­lik­le­ri bi­len köpüň dynç al­ýan ýe­ri­ne öw­rül­di.

9. Pol­şa – 16,6 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
Soň­ky ýyl­lar­da Pol­şa­da­ky şy­pa­ha­na­lar ja­han­keş­de­le­riň köp­räk dynç al­ma­ga gel­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Ýur­duň şy­pa­ha­na­la­ry di­ňe sag­ly­gy be­jert­mek üçin däl, eý­sem ,,ra­hat dynç al­mak üçin hem amat­ly­dyr. Olar­da adam­la­ryň dynç al­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip­dir.

10. Gol­lan­di­ýa – 13,9 mil­li­on sy­ýa­hat­çy
Sy­ýa­hat­çy­lyk – Gol­lan­di­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy pu­da­gy. Ýur­da her ýyl 13 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy gel­ýär, ola­ryň ag­ram­ly bö­le­gi Ger­ma­ni­ýa­nyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, ABŞ-nyň we Bel­gi­ýa­nyň ra­ýat­la­ry­dyr. Gol­lan­di­ýa Şen­gen zo­la­gy­na gir­ýär. Sy­ýa­hat­çy­la­ry baý me­de­ni we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bo­lan paý­tagt Ams­ter­dam özü­ne çek­ýär. Gaa­ga şä­he­ri ýur­duň hö­kü­me­ti­niň bi­na­la­ry­nyň ýer­leş­ýän şä­he­ri­dir. Rot­ter­dam port şä­her bo­lup, söw­da mer­kez­le­ri bi­len meş­hur­dyr. Delft we Ut­reht – Gol­lan­di­ýa­nyň iri söw­da şä­her­le­ri.