2016-njy ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça yk­jam te­le­fon­la­ryň söw­da­syn­da 0,2 gö­te­rim ösüş ga­za­nyl­dy. Umu­man, de­giş­li dö­wür­de 334,9 mil­li­on yk­jam te­le­fon sa­tyl­dy. Ara­gat­na­şy­gyň bu ug­run­da­ky söw­da­nyň bir­ne­me pe­se gaç­ma­gyn­da­ky esa­sy se­bäp­le­riň bi­ri dün­ýä bel­li “App­le” we “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň söw­da­sy­nyň azal­ma­gy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da-da öý­jük­li te­le­fon­la­ryň sa­tu­wy pe­se gaç­dy. 2013-nji ýyl­da bu ugur­da­ 62,5 gö­te­rim ösüş gazanylan bol­sa, 2015-nji ýyl­da 2,5 gö­te­ri­me çen­li azal­dy.

Yk­jam ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň ara­syn­da “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Onuň önüm­le­ri­niň sa­tu­wy ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de 0,6 gö­te­rim kö­pe­lip, 81,9 mil­lio­na go­laý te­le­fon sa­tyl­dy. “App­le” şe­re­ke­ti­niň dün­ýä bel­li bren­di ha­sap­lan­ýan “iP­ho­ne” ky­sym­ly te­le­fon­la­ryň ha­sa­bat döw­rün­de 51,2 mil­lio­ny hy­ry­dar­la­ry­na go­wuş­dy. Bu ugur­da üçün­ji orun­ Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­syn­a de­giş­li­dir. Onuň ön­dür­ýän yk­jam te­le­fon­la­ry soň­ky dö­wür­de dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. De­giş­li dö­wür­de bu kom­pa­ni­ýa­nyň te­le­fon­la­ry­nyň 27,5 mil­lio­ny­nyň sa­tu­wy ama­la aşy­ryl­dy.