Kolumbiýa resmi taýdan Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) 37-nji agzasy boldy. Bu barada guramanyň web saýty arkaly ýaýradylan beýanatda mälim edilýär. “Kolumbiýa Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň agzasy derejesine resmi taýdan eýe boldy hem-de guramanyň 60 ýyllyk taryhynda muny amala aşyran 37-nji ýurt boldy” diýlip bellenilýär.
Beýanatda gepleşikleriň uzaga çekendigi, 2018-nji ýylyň maý aýynda agza ýurtlaryň Kolumbiýany bu gurama goşulmaga resmi taýdan çagyrandygy, bu döwürde ýurduň kanunlaryny, syýasatyny we tejribelerini Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň ülňülerine laýyk getirmek üçin uly özgertmeleriň geçirilendigi nygtalýar.
– Kolumbiýany Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) 37-nji agzasy hökmünde garşy alýarys. Kolumbiýanyň bu gurama agza bolmagy, raýatlaryň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen biziň ýokary ösüşleri gazanmaga çalyşýan ýurtlary birleşdirmegi öz öňümizde wezipe edip goýandygymyzy tassyklaýar – diýip, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) baş sekretary Anhel Gurria belledi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy – erkin bazar ykdysadyýeti ýörelgelerini ykrar edýän ösen ýurtlaryň halkara ykdysady guramasydyr. Bu gurama Ýewropanyň ykdysady taslamalaryny ilerletmek maksady bilen 1948-nji ýylda Ýewropanyň ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy diýen at bilen esaslandyryldy. Guramanyň ştab-kwartirasy Parižde ýerleşýär. Guramadaky ähli kararlar ylalaşyk esasynda kabul edilýär.