Ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, bi­lim ul­ga­my­nyň hem yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2018-nji ýyl­da bu ugur­da ägirt uly öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bi­lim ul­ga­myn­da baý tej­ri­be top­lan­dy. Döw­re­bap komp­ýu­ter­ler, okuw-teh­ni­ki en­jam­la­ry, in­te­rak­tiw-mul­ti­me­diýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň tä­ze bi­na­la­ry­nyň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň we ça­ga­lar dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­dyr gaz­na­la­ry, dün­ýä­niň esa­sy ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bu ul­ga­my düýp­li öz­gert­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. In­di, her ýyl­da mek­dep bo­sa­ga­syn­dan il­kin­ji ge­zek ät­län okuw­çy­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan ýö­ri­te mak­sat­na­ma bi­len üp­jün edi­len öw­re­di­ji komp­ýu­ter­le­riň sow­gat be­ril­me­gi dä­be öw­rül­di. Şu okuw ýy­lyn­da ça­ga­lar üçin reňk­li mo­ni­tor­ly öw­re­di­ji komp­ýu­ter­le­ri ýur­du­my­zyň hü­när­men­le­ri­niň gur­na­ma­gy bol­sa, aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy wa­ka öw­rül­di. Mek­dep okuw­çy­la­ry­dyr ta­lyp ýaş­la­ry­myz hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän bi­lim we tas­la­ma olim­pia­da­la­ryn­da yzy­gi­der­li baý­rak­ly orun­la­ry eýe­läp, ata Wa­ta­nym­zyň ab­ra­ýy­ny has hem art­dyr­ýar­lar. Türk­men ýaş­la­ry Rus­si­ýa, ABŞ, Fran­si­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý, Ger­ma­ni­ýa, Pol­şa, Ar­gen­ti­na, Por­tu­ga­li­ýa, Bel­gi­ýa, Şwe­si­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Tä­ze Ze­lan­di­ýa ýa­ly ýurt­lar­dan gat­naş­ýan deň-duş­la­ry bi­len bäs­le­şip, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­ýär­ler.
Türk­men ýaş­la­ry­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da bi­lim al­ýan okuw mek­dep­le­ri­niň çä­gi ýyl­sa­ýyn gi­ňel­ýär. Ýur­du­my­zyň ta­lyp­la­ry­ny okat­mak işi hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­la­ryň esa­syn­da Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, pu­dak­la­ýyn mi­nistr­lik­le­riň we eda­ra­la­ryň ýol­la­ma­sy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň müň­ler­çe­si Be­la­ru­suň, Rus­si­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň, Ma­laý­zi­ýa­nyň, Ru­my­ni­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Hor­wa­ti­ýa­nyň we beý­le­ki döw­let­le­riň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de çuň­ňur bi­lim al­ýar­lar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip düzüldi we bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.