Hal­k­la­ryň ara­syn­da­ky söw­da we me­de­ni gat­na­şyk­lar­da ýol­la­ryň äh­mi­ýe­ti uly bo­lup­dyr. Is­len­dik dö­wür­de-de şol wag­tyň teh­ni­ki ösü­şi­ne la­ýyk­lyk­da ilat­ly no­kat­la­ryň ara­syn­da ýol­lar gur­lup­dyr. “Il ýö­rän ýer ýol bo­lar” diý­li­şi ýa­ly, il­kin­ji ýol­lar ýük we mü­ngi malla­rynyň yzy­gi­der­li geç­me­gi ne­ti­je­sin­de dö­räp­dir. Uzak ara­ly­gy geç­mä­ge ni­ýet­le­nen il­kin­ji ýol­lar daş­dan gurlup­dyr. Il­kin­ji daş ýol­la­ryň mi­la­dy­dan ozal­ky 2200-nji ýyl­lar­da Me­so­po­ta­mi­ýa­da gur­lan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar. Şon­dan 2000 ýyl soň­ra Rim­de daş ýol­lar peý­da bo­lup­dyr. Ol ýol­lar im­pe­ri­ýa­nyň dür­li kün­jek­le­ri­ni bir­leş­di­rip­dir. Şeý­le hem Ýew­ro­pa we De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­nyň ara­syn­da gys­ga wagt­da sy­ýa­hat et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da XV we XVI asyr­lar­da ýol­la­ryň giň to­ry peý­da bo­lup­dyr.
1800-nji ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da şot­lan­di­ýa­ly Jon Ma­ka­dam has berk ýol gur­ma­gyň usu­ly­ny oý­lap tap­ýar. Ol ýol gu­rul­jak ýe­ri ga­zyp, aşa­gy­na maý­da daş­la­ry dü­şe­me­gi we ulag­la­ryň ti­gir­le­ri­ne ze­per ýet­mez ýa­ly onuň üs­tü­ne ga­ra­sak­gyç we şep­bik gat­la­gy­ny dü­şäp­dir. Rim im­pe­ri­ýa­syn­dan şol döw­re çen­li, esa­san, ara­ba go­şu­lan öý haý­wan­la­ry­nyň agyr ýük­le­ri da­şa­mak­la­ry üçin gur­lan ýol­lar iri daş­la­ryň üs­tü­ne maý­da ça­gyl­la­ryň dü­şel­me­gi bi­len gur­lup­dyr. Ma­ka­dam 1820-nji ýyl­da agyr si­lindr bi­len ulu­ly-ki­çi­li daş­la­ry bas­gy­lap, has berk ýol­la­ry gur­ýar. Bir­nä­çe gat­lak­dan yba­rat bo­lan ýo­luň or­ta­sy has be­lent, iki ta­ra­pyn­dan ýa­gyn su­wy sy­ry­gyp top­la­nar ýa­ly la­gym bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, ola­ryň uzak wagt­lap be­jer­gä ze­rur­ly­gy bol­man­dyr. Onuň bu usu­ly ýol­da sarp edil­ýän wag­ty ep-es­li azal­dan hem bol­sa, şol dö­wür­ler ýü­ze çy­kyp baş­lan mo­tor­ly ulag­la­r to­za­nyň gö­te­ril­me­gi­ne ge­ti­rip­dir. Bu me­se­lä uels­li Ed­gar Pur­nell Hu­li çöz­güt tap­ýar. In­že­ner bi­r-bi­ri­ne ýa­py­şyp dur­ma­gy üçin ça­gy­lyň ýü­zü­ne gyz­gyn as­fal­ty guý­ma­gy tek­lip ed­ýär. Ol 1901-nji ýyl­da as­fal­tyň pa­ten­ti­ni al­ýar.
Ne­bit önü­mi ha­sap­lan­ýan as­falt 5000 ýyl­dan gow­rak wagt­dan bä­ri ula­nyl­ýan hem bol­sa, ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da ýol gur­mak­da giň­den peý­da­la­ny­lyp baş­lan­ýar. Iri ne­bit gor­la­ry­nyň ta­pyl­ma­gy hem aw­tou­lag­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na, hem-de ga­ra ýol­la­ryň köp muk­dar­da gu­rul­ma­gy­na we şol ýol­lar­da as­fal­tyň ula­nyl­ma­gy­na ge­ti­rip­dir.

Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da ABŞ, Ka­na­da, Ýa­po­ni­ýa, Bra­zi­li­ýa we Ar­gen­ti­na ösen ga­ra ýol ul­ga­my­na eýe­dir.
Ta­ryh­da­ky iň äh­mi­ýet­li söw­da ýo­ly ha­sap­lan­ýan Beýik Ýü­pek ýo­ly Hy­ta­ýdan baş­lap, Or­ta Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň üs­ti bi­len Ýew­ro­pa çen­li uzap­dyr. Ýü­pek, keramika, ka­gyz, ys­ly ot­lar we beý­le­ki gym­mat ba­ha­ly ha­ryt­la­ryň da­şa­lan bu ýo­ly dün­ýä­de iň meş­hur ta­ry­hy söw­da ug­ru­dyr.
De­mir ýol ul­ga­myn­da bol­şy ýa­ly, teh­ni­ka­nyň ös­me­gi giň we uzak şä­he­ra­ra ýol­la­ryň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip­dir.
Gol­lan­di­ýa­da her 1000 km2 meý­da­na 55,6 km aw­to­ýol düş­ýär.
Mi­la­dy­dan ozal V asyr­da Me­so­po­ta­mi­ýa­da Ni­ne­wi­ýa şä­he­ri (hä­zir­ki Yra­gyň Mu­sul şä­he­ri) bi­len Sard şä­her­le­ri­niň (hä­zir­ki Tür­ki­ýä­niň Iz­mir şä­he­ri­niň go­la­ýy) ara­syn­da Pa­ty­şa ýo­ly at­ly daş ýol gur­lup­dyr.