Dünýä Kubogy – 2022 (Katar) hem-de Aziýa Kubogy – 2023 (Hytaý) futbol ýaryşlarynyň saýlama tapgyrlarynyň 4-nji duşuşyklary oýnaldy. Käbir oýunlarda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu tapgyryň duşuşygyny goýberip, ildeşlerimiz myhmançylykda Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýtde oýnalan bu duşuşyk 1–1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Birinji ýarymy golsuz geçen oýnuň 70-nji minutda Arslanmyrat Amanow hasaby açdy. Şol goldan 11 minut soň, ýer eýeleri Omar Al-Hebaýteriň goly bilen hasaby deňledi. Galan minutlarda-da gol geçiren bolmady.
Saýlama tapgyryna seredenimizde, “A” toparçada Filippinler bilen Hytaýyň arasyndaky oýundan gol sesi eşidilmedi. Al-Somahyň het-trik eden oýnunda Siriýanyň ýygyndysy Guamy 4–0 ýeňdi. “B” toparçada Awstraliýanyň ýygyndysy myhmançylykda Hytaý Taýpeýinden 7–1 üstün çykdy. Iordaniýa bolsa Nepaly 3–0 utdy. “C” toparçada mundan öňki tapgyrda Kambojany 14–0 ýeňen Eýran myhmançylykda Bahreýnden 1–0 asgyn geldi. Ýeke-täk goly 65-nji minutda penaltiden Al-Hardan derwezä girizdi. Kambojanyň ýygyndysy bu gezek hem utulyp, olar öz meýdançasynda Yrakdan 4–0 ýeňildi. “D” toparçada Özbegistan myhmançylykda Singapury Ahmedow (15) hem-de Şomuradowyň (51, 90+2) gollary bilen 3–1 ýeňdi. “E” toparçada Dünýä Kubogyny guraýjy katarlylar öz meýdançasynda Omany 2–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “F” toparçadaky oýunlaryň ikisinde-de myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy. Ýagny Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy Mongoliýany 2–1, Ýaponiýa bolsa Täjigistany 3–0 hasabynda utdy. Ýaponlaryň 2 goluny Minamino derwezä girizdi. “G” toparçada Indoneziýany 3–1 ýeňen Wýetnam bilen BAE-ni 2–1 hasabynda utan Tailand 7 utuk toplap, 1–2-nji orunlary paýlaşýarlar. “H” toparçada Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu tapgyryň duşuşygyny goýberdi. Toparçada iki koreý döwleti – KHDR bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky oýunda hasap açylmady. Şeýle-de Şri Lanka öz meýdançasynda Liwandan 3–0 utuldy.
Toparçalardaky indiki oýunlar şu ýylyň 14–19-njy noýabrynda oýnalar. Şonda ýurdumyzyň milli topary 2 duşuşygy-da Aşgabatda geçirer. Ildeşlerimiz 14-nji noýabrda KHDR-niň ýygyndysyny, 19-njy noýabrda bolsa, Şri Lankanyň milli toparyny kabul eder.
“A”: Filippinler–Hytaý: 0–0, Siriýa–Guam: 4–0; “B”: Hytaý Taýpeýi–Awstraliýa: 1–7, Iordaniýa–Nepal: 3–0; “C”: Bahreýn–Eýran: 1–0, Kamboja–Yrak: 0–4; “D”: Singapur–Özbegistan: 1–3, Palestina–S. Arabystany: 0–0; “E”: Hindistan–Bangladeş: 1–1, Katar–Oman: 2–1; “F”: Mongoliýa–Gyrgyz Respublikasy: 1–2, Täjigistan–Ýaponiýa: 0–3; “G”: Indoneziýa–Wýetnam: 1–3, Tailand–BAE: 2–1; “H”: KHDR–Koreýa Respublikasy: 0–0, Şri Lanka–Liwan: 0–3.