Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň üsti täze taryhy ýadygärlikler bilen ýetirildi.
Golaýda bu edaranyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 41-nji mejlisi Polşanyň Krakow şäherinde geçirildi. Şol mejlisiň gün tertibine gurama tarapyndan gorag astyna alynýan medeni we tebigy desgalaryň halkara sanawyna täze desgalary goşmak meselesi hem girizildi. Şonuň netijesinde, ýene-de tutuş dünýä boýunça täze 13 desga bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.
Olaryň hatarynda Angliýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän köller ülkesi, Türkiýäniň günorta-günbatarynda ýerleşýän we biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda gurlan Afrodisias şäheri, Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Pristan Walongu” arheologik ýadygärligi, Germaniýanyň Dessau we Bernau şäherlerindäki Bauhauzz mekdebiniň äheňinde gurlan binalar, Strasburg şäheriniň Noýştadt taryhy etraby, Eýran Yslam Respublikasynyň palçykdan salnan jaýlary bilen meşhurlyk gazanan Ýezd taryhy şäheri, Ýaponiýanyň Okinosima adasy, Italiýadaky, Horwatiýadaky we Çernogoriýadaky XVI – XVII asyrlara degişli wenesian goranmak desgalary, Grenlandiýadaky Kuýato oba hojalyk meýdany, Fransiýanyň Raiatea adasyndaky Taputapuatea mukaddes ýeri, Germaniýadaky gowaklar, Polşadaky gurşun, kümüş we sink magdan şahtalary, Russiýanyň Moskwa şäherindäki Uspenskiý ybadathanasy we Tatarystandaky 1551-nji ýylda Iwan Groznyý tarapyndan döredilen Swiýažsk ada ybadathanasy bar.
Mundan başga-da 7-nji iýulda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Russiýa bilen Mongoliýanyň serhedindäki “Dauriýa landşafty” tebigy goraghanasy hem goşuldy.