Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­nyň pi­le­çi­lik bi­len meş­gul bol­ýan pu­da­gy düýp­gö­ter tä­ze döw­re ga­dam bas­dy. Dok­ma se­na­ga­ty pu­da­gy üçin gym­mat­ly çig mal bo­lan pi­le ön­dür­mek işi döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. Her ýyl ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri ýü­pek gur­çu­gy­nyň pi­le­si­ni taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň 7-nji few­ra­lyn­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýur­du­myz­da ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­nyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne de­giş­li bir­nä­çe mö­hüm çöz­güt­le­ri ka­bul et­di.
Mun­dan ozal, dok­ma pu­da­gy­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky ýü­pek­çi­lik pu­da­gy ýur­du­my­zyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gy­na be­ril­di. Ýur­du­myz­da ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mek we pi­le önüm­çi­li­gi­ni ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­mak hem-de bu ugur­da ge­çi­ril­ýän iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň üs­tü­ne ýur­du­myz­da pi­le önüm­çi­li­gi­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak, pi­le ön­dü­ri­ji­le­ri ýü­pek gur­çu­gy­nyň to­hu­my bi­len üp­jün et­mek hem-de pi­lä­ni gaý­ta­dan iş­le­mek we­zi­pe­le­ri ýük­le­nil­di.
Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2020-nji ýyl bo­ýun­ça pi­le taý­ýar­la­ma­gyň möç­be­ri­ni kes­git­le­ýän Ka­ra­ra gol çek­di. Şol res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne 2020-nji ýyl­da 2100 ton­na, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 155 ton­na, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 25 ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 500 ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 1010 ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 410 ton­na çig pi­le ön­dür­me­gi üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy. Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri bi­len pi­le ön­dür­mek bo­ýun­ça baş şert­na­ma­la­ry bag­la­şyp, şeý­le hem we­la­ýat­la­ryň daý­han bir­le­şik­le­ri­ni ýü­pek gur­çu­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li to­hu­my­nyň ze­rur muk­da­ry bi­len üp­jün eder.
Ýur­du­myz­da dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri bi­len bir ha­tar­da, hu­su­san-da, pi­lä­niň sa­tyn al­nyş nyr­hy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy daý­han­la­ry has-da ru­hu­be­lent­lik bi­len zäh­met çek­mä­ge ruhlandyrýar. Bu hem oba zäh­met­keş­le­ri­niň ýü­pek­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ma­ga gy­zyk­lan­ma­syny art­dyrýar.
Pi­le ön­dür­mek dok­ma se­na­ga­ty üçin örän gym­mat­ly­dyr. Gu­ra­dy­lan pi­le­ler fab­rik­le­r­de gaý­ta­dan iş­le­nip, çig ýü­pek ön­dü­ril­ýär. Pi­le­den ýü­pe­giň çyk­ma­gy 30-35 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dyr. Ýü­pek ke­lep­leý­ji fab­rik­ler­de ön­dü­ril­ýän çig ýü­pek fab­rik­le­ri­ň çig mal go­ry bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da ýü­pek­çi­lik ga­dy­my se­net­le­riň bi­ri­dir. Dur­muş­da ýü­pek bi­len bag­la­ny­şyk­ly meň­zet­me­ler hem az däl. My­sal üçin, “Ýü­pek bi­len ýü­ňi gar­ma”, “Gü­lüň gun­ça­sy ýag­şy, ýü­pe­giň-in­çe­si” di­ýen aýt­gy­lar bar. Ýü­pek dok­ma­çy­ly­gy­nyň hal­ky­my­zyň ga­dy­my se­net­le­ri­niň bi­ri bo­lan­dy­gy­na dür­li ta­ry­hy çeş­me­ler, ýur­du­myz­da uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da al­nyp ba­r­lan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýü­pek ha­kyn­da halk dö­re­di­ji­li­gin­de hem duş ge­lin­ýär. Ýü­pek ma­ta we on­dan beý­le­ki önüm­le­ri ön­dür­me­giň, aý­ra­ty­nam ne­pis ha­ly do­ka­ma­gyň syr­la­ry asyr­lar­bo­ýy ne­sil­den–nes­le ge­çip ge­lip­dir.
Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da we et­rap­la­ryn­da ýy­lyň-ýy­ly­na ýaz aý­la­ry ýü­pek gur­çuk­la­ry ide­di­lip, on­dan ýüz­ler­çe ki­log­ram ýü­pek pi­le­si alyn­ýar. Bu ha­lal kes­biň bar­ha kä­mil­le­şip, oba zäh­met­keş­le­ri­niň ýü­pek gur­çu­gy­ny idet­mek bi­len köp­çü­lik­le­ýin meş­gul bol­ma­gy has-da gu­wan­dy­ry­jy­dyr.
Ýü­pek­çi­lik dün­ýä­de hem ösen, ga­dy­my pu­dak­la­ryň bi­ri­dir. Kä­bir ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra sal­gy­la­ny­lan­da, ýü­pek­çi­li­giň il­kin­ji dö­rän ýe­ri Hy­taý ha­sap­la­nyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len, bu se­net Hin­dis­ta­na ara­la­şyp­dyr. Soň­lu­gy bi­le­nem, beý­le­ki Azi­ýa ýurt­la­ry­na, Ýew­ro­pa hem-de Or­ta­ýer deň­zi se­bi­ti­ne giň­den ýaý­rap­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ýü­pek­çi­lik bi­ziň ýur­du­myz­da bol­şy ýa­ly, Hy­taý­da, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da, Ýa­po­ni­ýa­da, Hin­dis­tan­da, Bra­zi­li­ýa­da, Ita­li­ýa­da we Fran­si­ýa­da giň­den ýaý­ran­dyr. Hy­taý bi­len Hin­dis­tan ýü­pek­çi­lik önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy ýurt­lar­dyr. Bu ýurt­lar dün­ýä­niň bir ýyl­da ýü­pek­çi­lik önüm­çi­li­gi­niň 60 gö­te­ri­mi­ni eýe­le­ýär­ler.
Mil­li Li­de­ri­miziň ýü­pek gur­çu­gy­nyň esa­sy iý­mi­ti bo­lan tut agaç­la­ry­ny eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň gy­ra­la­ry­na we Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň iki ke­na­ry­na ek­me­gi tab­şyr­ma­gy ýur­du­myz­da ýü­pek­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len iş­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­nyň be­ýa­ny bol­dy.

Aý­nur PAÝ­ZUL­LA­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň ta­ly­by.