“Forbes” žurnaly golaýda, her ýyl bolşy ýaly, ýylyň iň köp pul gazanan aktrisalarynyň sanawyny mälim etdi. Bu sanaw aktrisalaryň surata düşen filmleriniň prokatdan alan girdejilerine, şeýle hem olaryň dünýä belli şereketleriň mahabatlarynda çykyş etmegi esasynda düzüldi. Sanawda 1-nji orny Oskaryň dalaşgäri Emma Stoun eýeledi. 26 ýaşyndaky aktrisa soňky 12 aýyň dowamynda 26 million dollarlyk gazanç edipdir. Oskara dalaşgär bolan, şol birwagtyň özünde-de onlarça baýrak gazanan “La La Lend” filminiň ýyldyzy Stoun 2016-njy ýylda sanawa-da girmändi.
2-nji basgançakda Jennifer Eniston bolup, 48 ýaşyndaky aktrisa geçen ýylyň iýuny bilen şu ýylyň iýuny aralygynda 25,5 million dollar gazandy. “SmartWater” we “Emirates Airlines” kompaniýalarynyň mahabat ýüzi hökmünde-de çykyş edýän aktrisanyň esasy gazanç çeşmesi köp wagtdan bäri görkezilip gelinýän “Friends” atly teleşou gepleşigidir. 2016-njy ýylyň birinjisi, oskarly owadan aktrisa Jennifer Lawrens bu ýyl 3-nji orun bilen kanagatlanmaly boldy. Geçen ýylky sanawda 46 million dollarlyk girdejisi bilen öňdäki orny eýelän Lawrens bu gezek 24 million dollar gazandy. Degişli döwürde aktrisanyň “Ýolagçylar” atly filmi prokatda görkezildi.
Komediýaçy zenan Melissa MakKarti 18 million dollarlyk gazanjy bilen 4-nji, “Bad Moms” filminde surata düşen owadan aktrisa Mila Kunis 15,5 million dollarlyk girdejisi bilen 5-nji ýeri eýeledi. “Gözel we nägehan” filminiň ýyldyzy Emma Watson bilen oskarly aktrisa Şarliz Teron soňky 12 aýyň dowamynda 14 million dollar gazanypdyrlar. Olar 6–7-nji orunlary paýlaşýarlar. Oskarly Keýt Blanşett bilen Julia Roberts hem 12, olardan ýarym million dollar az ýygnan Emi Adams 8–9–10-njy bolup sanawa goşuldy.