Welosport ýaryşlarynyň iň naýbaşylaryndan hasaplanýan, 3 “Gran Tur” bäsleşikleriniň biri bolan “Žiro d’Italiada” garaşylmadyk türgen ýeňiş gazandy. Bu ýyl 102-nji gezek geçirilen ýaryşda “Movistar Team” toparynyň ekwadorly türgeni Riçard Karapas ýeňiji boldy. Maý aýynda 26 ýaşyny dolduran türgen 90 sagat 1 minut 47 sekuntlyk netije bilen karýerasyndaky ilkinji “Gran Tur” ýeňşini baýram etdi. Geçen ýylky ýaryşda 4-nji orny eýelän Karapas 21 tapgyryň diňe 2-sinde ýeňiş gazandy. 14-nji tapgyrdan soň, umumy sanawda 1-nji ýere geçen Karapas ýaryşyň ahyryna çenli-de gülgün reňkli köýnekçäni özünde saklap, çempion diýen ady eýeledi. 3 hepdeläp dowam eden ýaryşda 2-nji orna “Bahrein-Merida” toparynyň italýan sürüjisi Winçenzo Nibali mynasyp boldy. “Žiro d’Italiada” 2 çempionlyk (2013, 2016) gazanan Nibali ýeňijiden 1 minut 5 sekunt soň pellehana geldi. Ýeňiş münberiniň üçünjilik basgançagyna “Team Jumbo-Visma” toparyndan sloweniýaly Primož Rogliç çykdy.
“Žiro d’Italianyň” beýleki ugurlarynda, has takygy, utuk toplamakda germaniýaly Paskal Akermanm (“Bora–Hansgrohe”), dag ýaryşlarynda italiýaly Julio Çikkone (“Trek–Segafredo”), ýaşlaryň arasynda-da “Astana” toparyndan kolumbiýaly Migel Anhel Lopez bassyr 2-nji çempionlygyny gazandy. Toparlaryň arasynda “Movistar Team” umumylykda 270 sagat 44 minut 14 sekuntlyk görkeziji bilen 1-nji ýeri eýeledi.
“Žiro d’Italia” “Gran Tur” welosport ýol ýaryşyna şu ýyl 20-ä golaý topardan 220 töweregi türgen gatnaşdy. 21 tapgyrdan ybarat bolan ýaryş Bolonýadan bat alyp, Werona şäherinde-de tamamlandy. Türgenler 3546,8 kilometr ýol geçdiler.