Arkadag Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da giň möç­ber­li hal­ka­ra bäs­le­şi­giň – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hyn­da şöh­rat­ly pur­sat­lar bi­len da­ba­ra­lan­dy. 2017-nji ýy­lyň V Azi­ýa oýun­la­ry gat­na­şy­jy­la­ryň dü­zü­mi bo­ýun­ça hem, sport ugur­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça hem köp ba­bat­da aý­ra­tyn hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Bu Oýun­la­ryň il­kin­ji ge­zek Mer­ke­zi Azi­ýa we­kil­çi­lik ed­ýän döw­let­de – eziz Watanymyzda ge­çi­ril­en­di­gi, bu ýa­ryş­la­ryň ta­ry­hyn­da Azi­ýa kon­ti­nen­ti­niň we­ki­li­ýet­le­rin­den baş­ga-da, oňa il­kin­ji ge­zek Okea­ni­ýa­nyň 19 döw­le­ti­niň tür­gen­le­ri­niň, şeý­le-de bos­gun­la­r to­pa­ry­nyň hem il­kin­ji ge­zek gat­naş­ma­gy örän buý­sanç­ly­dyr. Aş­ga­bat Azia­da­syn­da türk­men tür­gen­le­ri dür­li de­re­je­däki baý­rak­lary ga­zan­mak bi­len ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­dy­lar. Mu­nuň özi me­dal­la­ryň umu­my ga­za­ny­lan ha­sa­byn­da öň­de­ba­ry­jy­ly­gy eýe­le­mek üçin ýe­ter­lik bol­dy. “Aş­ga­bat 2017”-niň oýun­la­ryn­da türk­men päl­wan­la­ry­nyň mil­li gö­reş bo­ýun­ça 23 al­tyn, 14 kü­müş, 9 bü­rünç, je­mi 46 me­dal ga­zan­mak­la­ry aja­ýyp üs­tün­lik bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da 39 al­tyn, 23 kü­müş, 23 bü­rünç, je­mi 85 me­da­la my­na­syp bol­ma­gy uly üs­tün­lik­dir. Me­dal­la­ryň san­la­ry bol­sa, ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ri­li­şi­ne bag­ly­lyk­da her gün, her sa­gat kö­pel­di.
Ussat tür­gen­le­riň ara­syn­da gu­şak­ly gö­reş we milli gö­reş bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň we­ki­li, hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sa­dy, köp san­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­si Seý­di Ba­ty­row Aş­ga­bat Azia­da­syn­da bu ugur­lar­dan ga­za­nan 5 al­tyn me­da­ly­nyň üs­tü­ni alyş gö­re­şi­niň er­kin usu­ly bo­ýun­ça 100 kg ag­ram de­re­je­de çy­kyş edip, 6-njy al­tyn me­da­ly bi­len ýe­tir­di. Ze­nan­lar ýy­gyn­dy­my­zyň baş tä­lim­çi­si, us­sat päl­wa­ny­myz, en­çe­me us­sat tür­gen­le­riň tä­lim­çi­si Na­si­ba Sur­ki­ýe­wa hem bu ýa­ryş­da bir­nä­çe gör­nüş­ler bo­ýun­ça çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ryň gi­den top­lu­my­na my­na­syp bol­dy. Bir­nä­çe hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­län Zöh­re Mad­rai­mo­wa­nyň Aş­ga­bat Azia­da­syn­da gu­şak­ly gö­reş we mil­li gö­reş bo­ýun­ça 4 al­tyn me­da­ly bo­lan bol­sa, ol alyş gö­re­şi bo­ýun­ça-da bä­şin­ji al­tyn me­da­ly ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Bu Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça VAzi­ýa oýun­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň 70-nji me­da­ly bo­lup, ta­ry­ha gir­di.
Türk­men mil­li gö­re­şi­niň hem er­kin, hem nus­ga­wy usu­lyn­da öz ag­ram de­re­je­sin­de 4 al­tyn me­dal ga­za­nan Gül­nar Haýyt­ba­ýe­wa gu­şak­ly gö­reş, sam­bo, dzýu­do bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny di­ýen ady, dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da bol­sa, en­çe­me öň­dä­ki orun­la­ry eýe­län us­sat tür­ge­ni­miz­dir. “Aş­ga­bat 2017”-de 4 al­tyn me­da­lyň eýe­si bo­lan tür­ge­ni­miz gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça hem kü­müş me­da­ly ga­za­nyp, ýe­ne il­deş­le­ri­mi­zi be­gen­dir­me­gi ba­şar­dy. La­çyn Ba­dag­ly­ýe­wa ýaş sport ýyl­dyz­la­ry­my­zyň bi­ri. Ol TMSSI-niň ta­ly­by, 2016-njy ýyl­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len Çar­wa­dar­la­ryň oý­nun­da ýe­ňiş ga­za­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gym­matbaha­ly baý­ra­gy­na eýe bol­dy. Ol Aş­ga­bat Azia­da­syn­da mil­li gö­reş we gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da 4 al­tyn we 1 bürünç me­da­ly ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.
Gül­ba­dam Ba­ba­mu­ra­to­wa hem hä­zi­re çen­li köp san­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da al­tyn me­dal­la­ry eýe­län us­sat tür­ge­ni­miz­dir. Aş­ga­bat Azia­da­syn­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da Gül­ba­dam sam­bo bo­ýun­ça 52 kg ag­ram de­re­je­sin­de al­tyn me­dal ga­zan­dy.
Sö­weş sam­bo spor­tunda 62 kg ag­ram de­re­je­sindä­ki tut­lu­şyk­la­ra je­mi 11 sa­ny tür­gen gat­na­şyp, il­de­şi­miz Ke­rim­ber­di Döw­le­tow al­tyn me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da Hur­ma Ab­dy­ýe­wa 52 kg ag­ram de­re­je­de bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Ah­met Taň­ry­ber­di­ýew sam­bo bo­ýun­ça 57 kg ag­ram de­re­je­de wag­tyn­dan öň, ba­ry-ýo­gy 1,5 mi­nut­da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çy­kyp, al­tyn me­dal aldy. Alyş gör­nü­şin­dä­ki er­kin gö­reş­de bü­rünç me­dal­la­ry­ny türk­men ýy­gyn­dy to­pa­ryn­da An­na­my­rat My­ra­dow (100 kg-dan ýo­ka­ry), Jan­gel­di Me­dow (70 kg), Aly Al­la­ber­di­ýew (80 kg), ze­nan­la­ryň ara­syn­da – Sao­dat Iş­mu­ra­to­wa (70 kg) ga­zan­dy­lar. Ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da türk­men ýy­gyn­dy to­pa­ryn­da al­tyn me­da­la 48 kg çen­li ag­ram de­re­je­sin­de Za­ri­na Sa­pa­ro­wa, kü­müş me­da­la Saý­ýa­ra Ere­şo­wa (52 kg) my­na­syp bol­dy. Alyş gö­re­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sa­dy Han­gel­di Al­la­kow 70 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sinde al­tyn me­da­ly eýe­län bol­sa, 80 ki­log­ram ag­ram de­re­jesin­de hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sa­dy Şa­mäm­met Gar­mäm­me­dow al­tyn me­da­la eýe bol­dy.
Mak­su­da Egem­ber­di­ýe­wa, Mer­jen Ina­tul­la­ýe­wa, Za­ri­na Ab­dy­rah­ma­no­wa, Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa, Ra­no Uza­ko­wa, Ja­han Mu­ham­me­do­wa, Göw­her Nu­ry­ýe­wa ýa­ly ýaş tür­gen­le­riň en­çe­me­si­niň Aş­ga­bat Azia­da­syn­da par­lak ýyl­dyz bo­lup öňe çyk­mak­la­ry hem my­na­syp tür­gen­le­riň ýe­ti­şen­di­gi­ni gör­kez­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­rin­de-de üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. “Rus pi­ra­mi­da­sy” gör­nü­şin­de türk­men bil­ýard­çy­la­ry üs­tün­lik­li çy­kyş edip, äh­li gym­mat­lyk­lar­da­ky me­dal­la­ry ga­zan­dy­lar. Fi­nal tap­gy­ryn­da An­na­mäm­met An­na­mäm­me­dow kü­müş me­da­ly­nyň eýe­si Ka­ma­lad­din Ba­ba­ýe­wi 5:4 ha­sa­pda ýe­ňip, al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bü­rünç me­da­ly­na bol­sa, Ba­tyr Gel­di­ýew eýe çyk­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça umu­my me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da ynam­ly öň­de­li­gi tu­ruw­baş­dan eýe­le­me­gi, ýa­ryş­la­ryň bü­tin do­wa­myn­da ola­ryň üs­tü­ni ýe­tir­me­gi ba­şar­dy.
Döw­let baý­da­gy­my­zy eg­ni­ne atyp, begençli ýyl­gyr­ýan, ýe­ňiş mün­be­ri­ne çy­kyp, Döw­let se­na­sy­nyň aşa­gyn­da buý­sanç­ly ba­şy­ny be­lent tu­tup dur­ýan tür­gen­le­ri­miz hal­ky­my­zyň gu­wan­jy­na öw­rül­di­ler. Türk­men tür­gen­le­ri­niň şeý­le üs­tün­lik­li çy­kyş­la­ry­nyň aňyr­syn­da bol­sa, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­my­zy, mil­li spor­ty ös­dür­mek ug­run­da­ky taý­syz ta­gal­la­lary bar.
Goý, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, äh­li be­lent baş­lan­gyç­la­ry he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Gülälek ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.