“RED” şereketi dünýäde ilkinji gologramma ekranly telefony satuwa çykarýandygyny mälim edip, ilkinji sargytlary kabul edip başlady.
IPS, LCD, OLED, AMOLED ekran aýratynlygy, goşmaça gologramma ekrany bilen beýleki telefonlardan tapawutlanýar. Bu aýratynlygyň durmuşa geçirilmeginde ylmy çözgütleri tapanlygy üçin, şeýle hem bu barada giň tejribesi bolan “RED Leia Inc.” şereketi bilen şertnama baglaşdy.
Nano-Fonotik taslamasyny durmuşa geçirmegiň mobil enjamlaryndaky gologramma ekran durulygy arkaly mümkindigini “Leia Inc.” şereketiniň işgärleri belleýärler.
“Hydrogen One” ady bilen öndüriljek bu telefona 1,195 dollardan baha kesmek bilen, ony 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykarmak maksat edinilýär. Mobil enjamlaryň arasynda uly islegden peýdalanyljak bu enjama näderejede gyzyklanmanyň boljakdygyny wagt görkezer.