Ýaponiýada wagtyndan öň parlament saýlawlary geçiriler. Bu barada ýurduň premýer-ministri Sindzo Abe habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň 28-nji sentýabrynda ýurduň mejlisiniň aşaky palatasynyň işi ýatyryldy. Liberal-demokratlar partiýasynyň ýygnagynda çykyş eden hökümet başlygy saýlawlaryň 22-nji oktýabrda geçiriljekdigini mälim etdi. 10-njy oktýabrda bolsa, saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýa başlanar.
Mejlisiň aşaky palatasynyň deputatlarynyň möhleti 2018-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanmalydy. Soňky gezek bu ugurdaky saýlaw 2014-nji ýylyň dekabrynda geçirilipdi we Liberal-demokrat bilen “Täze Komeýto” partiýalary ýeňiş gazanypdy. Häzirki wagtda bu partiýalaryň deputatlarynyň sany 323-e deňdir. Parlamentdäki umumy deputatlaryň sany 475-dir.