Awstraliýa özüniň milli kosmos agentligini döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada bilim ministri Saýmon Birmingem habar berdi. Ýurduň Adelaida şäherinde geçirilen halkara astronawtika kongresine gatnaşan bilim ministri Saýmon Birmingem älem giňişligini has içgin öwrenmek üçin agentlik döretjekdiklerini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, agentlik kosmos giňişliginde bolup geçýän hadysalary öwrenmek üçin täze tehnologiýalaryň üstünde işlär. Ol bu pudakda işleýän öňdebaryjy edaralar, hususan-da, Russiýanyň “Roskosmos” hem-de ABŞ-nyň NASA edarasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eder.
Adelaidadaky kongres 1957-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda ilkinji emeli hemranyň kosmos giňişligine uçurylmagynyň 60 ýyllygyna bagyşlandy.