Gündelik durmuşda ulanylýan harytlaryň önümçiligi bilen meşgullanýan belli “Unilever” kompaniýasy Günorta Koreýanyň “Carver Korea” şereketini 2,3 milliard ýewro satyn almakçy bolýar. Koreý kompaniýasy Demirgazyk Aziýa sebitinde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Bu sebitiň ýaşaýjylary kompaniýanyň öndürýän kosmetika önümlerine has köp isleg bildirýärler. Häzirki wagtda koreý şereketi “Bain Capital Private Equity” hem-de “Goldman Sachs” kompaniýalaryna degişlidir.
– Biz koreý firmasyny satyn alýandygymyza örän şat. Bu geleşik biziň strategiýamyza gabat gelýär. Demirgazyk Aziýadaky ornumyzy has-da güýçlendireris – diýip, “Unilever” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryndan Alan Joup gürrüň berdi.
“Unilever” kompaniýasy 1930-njy ýylda niderlandlaryň “Margarine Uni” hem-de britanlaryň “Lever Brothers” firmalarynyň birleşmegi esasynda döredildi. Kompaniýa dünýäniň 170-den gowrak ýurdunda öz harytlaryny ýerleýär. Onuň 400-e golaý brendi, ýagny markasy bar. Olaryň hatarynda “Lux”, “Signal”, “Impulse”, “Sunsilk”, “Timotei”, “Denim”, “Dove”, “Rexona”, “Axe”, “Domestos”, “Knorr”, “Calve”, “Rama”, “Lipton” we beýlekiler bar.
1999-njy ýylda döredilen “Carver Korea”-nyň 2016-njy ýylda girdejisi 321 milliona deň boldy.