“S&P Global Platts” kompaniýasynyň taýýarlan reýtingine görä, Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 250 sany iri energetika şereketleriň arasynda birinjiligi eýeledi. Bu orny 12 ýyldan bäri ABŞ-nyň “ExxonMobil” şereketi eýeläp gelýärdi. Sanawda öňdebaryjylaryň hatarynda we 3-nji orny eýeleýän “Gazprom” täze düzülen sanawda öňdelige saýlandy. Ikinji orny Germaniýanyň “E.ON SE.” şereketi eýeledi. Bu kompaniýa bir ýylyň dowamynda 114-nji orundan 2-nji orna çykmagy başardy. Sanawyň üçünji orny Hindistanyň “Reliance Industries Ltd.” kompaniýasyna degişli boldy. Ol hem 2016-njy ýylda 8-nji orundady.
Şeýle hem ilkinji onluga Koreýanyň “Korea Electric Power Corp”, Hytaýyň “China Petroleum & Chemical Corp.”, Russiýanyň “Lukoil”, Hindistanyň “Indian Oil Corp”, ABŞ-nyň “Valero Energy Corp” hem-de “ExxonMobil Corp” kompaniýalary girdi.
Dünýäniň iri energetika kompaniýalarynyň sanawy düzülende, olaryň soňky ýyldaky maliýe görkezijilerinden esas alynýar. Hususan-da, bu babatda dört ugra üns berilýär: paýnamalaryň nyrhy, girdejisi, sap girdejisi we maýa goýumdan gelýän girdejisi. Sanawda orun alan ilkinji 10 şereketiň 2016-njy ýyldaky umumy girdejisi 63,7 milliard dollara deňdir.