Jon Merfi tarapyndan esaslandyrylan “Interbrand” maslahat beriş agentliginiň bilermenleriniň baha bermegine görä, dünýäniň iň gymmat awtoulag brendleriniň (markalarynyň) sanawy taýýarlandy. Onda kerweniň başyny dünýä belli ýapon kompaniýasy “Toyota” çekýär. Bilermenler bu ägirt uly kompaniýanyň umumy bahasynyň 50,291 milliard dollara deňdigini mälim edýär. Ikinji orundaky Germaniýanyň belli “Mercedes-Benz” kompaniýasynyň bahasy 47,289 milliard dollara deň boldy. Üçünji orny ýene-de Germaniýanyň BMW şereketi eýeledi. Şeýle hem ilkinji onlukda Ýaponiýanyň “Honda”, Amerikanyň “Ford”, Koreýanyň “Hyundai”, Germaniýanyň “Audi” kompaniýalary bar.
Ilon Maskyň esaslandyran “Tesla” kompaniýasy maşyngurluşyk pudagynda iň bir innowasion şereketleriň biridir.
Şeýle hem kompaniýanyň taýýarlan sanawyna görä, dünýäniň iň gymmat brendi “Apple” kompaniýasy boldy. Amerikan şereketi bassyr 5 ýyldan bäri öňdeligi eýeleýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, onuň bahasy 184 milliard dollara deňdir. Bu sanawda ikinji orunda 142 milliard dollarlyk bahasy bilen “Google”, 80 milliard dollarlyk bahasy bilen hem “Microsoft” üçünji orunda barýar.