“L’Oreal” kosmetika harytlaryny öndürýän kompaniýalar toparynyň esaslandyryjysynyň gyzy Lilian Bettankur “Forbes” žurnalynyň ýazmagyna görä, dünýäniň iň baý zenany hasaplanýardy, ýöne ol golaýda 94 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri we dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Žan-Pol Agon habar berdi.
“Forbes”-iň maglumatyna görä, Bettankuryň emlägi 44 milliard 600 million dollara deňdir. Bu görkezijiler ony şu wagta çenli dünýäniň iň baý zenany bolmagyna şert döretdi. Lilian Bettankur bu emläge we dünýä belli “L’Oreal” kompaniýasynyň gymmatbahaly kagyzlaryna kakasyndan galan miras hökmünde eýe bolýar. Ol aradan çykan wagtyna çenli kompaniýanyň gymmatbahaly kagyzlarynyň 30-dan gowragynyň eýesidi.
“L’Oreal” kompaniýasy 1909-njy ýylda döredildi. Ol kosmetika, atyr, deri we saç üçin dürli serişdeleri öndürýär. Onuň harytlary dünýäniň 140-dan gowrak ýurdunda satylýar. 2016-njy ýylda 25 milliard 800 million girdeji gazandy.