Fransiýanyň hökümeti energetika pudagyna 20 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär. Ýurduň ykdysadyýetçisi Žan Pizani-Ferri tarapyndan taýýarlanan hem-de Fransiýanyň premýer-ministri Eduard Filippiň mälim eden hasabatyna görä, ýurduň hökümetiniň 57 milliard ýewro möçberindäki täze maýa goýum meýilnamasy mälim edildi. Maýa goýum maksatnamasyny 2018–2022-nji ýyllar aralygynda durmuşa ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Maksatnama görä, 20 milliard ýewro energetika pudagyna, 9 milliard ýewro binalaryň izolýasiýasyna hem-de täze ýaşaýyş jaý gurluşygyna, 7 milliard ýewro gaýtadan dikeldilýän energetika we 4 milliard ýewro ekologiýa taýdan arassa ulaglary ulanmaga geçmek üçin sarp ediler.
Binalar tutuş ýurt boýunça howa goýberilýän hapa gazlaryň 20 göterimini düzýär. Şonuň üçin 9 milliard ýewro möçberinde maýa goýum gönükdiriler. Maksatnama görä, her ýyl 75 müň binada abatlaýyş işleri geçiriler.