Elekt­ron spor­ty “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek gör­kez­me ýa­ry­şy hök­mün­de ta­nyş­dy­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da ýe­ne bir tä­ze sa­hy­pa açyl­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de adam­la­ryň kö­pü­si komp­ýu­ter we wi­deo oýun­la­ry­ny dün­ýä­de iň tiz ös­ýän hem-de iň ýo­ka­ry bas­gan­çak­da dur­ýan sport oýun­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­ýarlar. Komp­ýu­ter oýun­la­ryn­da öz­le­ri­niň us­sat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­ýän, tiz çy­kal­ga tap­ýan we he­re­ket­le­riň saz­la­şy­gy­ny ök­de­lik bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýän köp san­ly şahs­lar we to­par­ bar. Bu oýun­lar ada­myň ugur­ta­py­jy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
“Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň çä­gin­de ge­çi­ri­len elekt­ron spor­tun­da dün­ýä­de iň meş­hur hem-de iň çyl­şy­rym­ly ha­sap­la­nyl­ýan, şol san­da “Do­ta II”, “Starcraft II”, “King of Figh­ters XIV”, şeý­le hem “Hearths­to­ne” oýun­la­ry bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di.
Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça 11 ýurt, ýag­ny Ior­da­ni­ýa, Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Ow­ga­nys­tan, Mon­go­li­ýa, Hy­taý, La­os, Wýet­nam, Hy­taý Taý­peý, Fi­lip­pin­ler hem-de ýa­ryş­la­ry ge­çir­ýän ýurt bo­lan Türk­me­nis­tan öz ara­la­ryn­da ýa­ryş­dy­lar.
Elekt­ron spor­tu­nyň ta­ry­hy ba­ra­da aýt­sak, ol gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­ýän komp­ýu­ter oýun ýa­ryş­la­ry­dyr. Adat­ça oňa bu ugur­da ök­de­le­şen oýun­çy­lar gat­naş­ýar. Elekt­ron spor­ty hem öz için­de bir­nä­çe ug­ra bö­lü­nip, ola­ryň ara­syn­da stra­te­gi­ýa oýun­la­ry, uruş­ly oýun­lar, ny­şa­na al­mak we sport oýun­la­ry has meş­hur­dyr. “Lea­gue of Le­gends” dün­ýä çem­pio­na­ty, “The In­ter­na­tio­nal”, “The Evolu­ti­on Cham­pions­hip Se­ri­es” we “In­tel Extre­me Mas­ters” ýa­ly bäs­le­şik­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip, olar gö­ni ýaý­lym ar­ka­ly hö­dür­len­ýär.
Spor­tuň bu gör­nü­şine “eS­ports”, “e-sports”, ýa­ryş wi­deo oýun­la­ry hem diýilýär. Bu ugur­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry, Gü­nor­ta Ko­re­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka döw­let­le­ri has ösen.
Elekt­ron oýun­la­ry her ýyl­da has hem meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Il­kin­ji wi­deo oý­nu­ny 1972-nji ýy­lyň 19-njy okt­ýab­ryn­da Stan­ford uni­wer­si­te­ti gu­ra­dy. 1980-nji ýyl­da güý­men­je pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “Ata­ri” kom­pa­ni­ýa­sy “The Space Invaders Cham­pions­hip” at­ly has giň elekt­ron sport bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­di. Şon­dan soň­ra bu oýun­lar has hem meş­hur­lyk ga­zan­ýar we dür­li ugur­lar­da Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­ýär. 1990-njy ýyl­da in­ter­ne­tiň peý­da bol­ma­gy bi­len komp­ýu­ter ar­ka­ly dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­den oýun­çy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da on­laýn gör­nü­şin­de ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar.
Bu oý­nuň mundan soňra geçiriljek beý­le­ki Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na alyn­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.