Azdan başlamak, bu kadalydyr. Küýze kem-kemden dolýar. Islendik halypa, haçan-da bolsa, birwagt şägirt bolandyr. “Kiçisi bolmadygyň ulusy bolmaz” diýlişi ýaly, ähli zat kiçiden başlanýar, şonuň üçin kiçi zatlara biperwaý garamaň! Eger-de siz haýsy hem bolsa, bir işde yzygiderliligi saklap, sabyrly bolsaňyz, hökman üstünlik gazanarsyňyz! Hiç kimem bir günde ähli zada ýeten däldir, kimde-kim kiçiden başlamaga taýýar bolup, erjellik bilen zähmet çekýän bolsa, üstünlik onuň hemrasydyr.
Biziň aňymyz – biz. Siz näme hakda pikir edýän bolsaňyz, şoňa görä bolarsyňyz. Eger adam ýaramaz zatlary aýdýan bolsa ýa-da bet işi jäht edinen bolsa, ol gam-gussa giriftar bolar. Eger-de adam päk niýetli zähmet çekýän bolsa, bagtyýarlyk oňa saýa salyp, ondan daşlaşmaz. Dogry ýaşamak üçin aňyňy dogry pikirler bilen doldurmaly. Dogry-dürs düşünje isleýän zatlaryňyzyň baryny eçiler; nädogry düşünje – ýaramazlyk bolup, ahyrsoňy öz başyňyza ýetýär. Ähli gabahat işler aklyň kemterligi zerarly ýüze çykýar. Eger-de akyl-düşünje özgerse, hata işler bolmaz.
Içiňde gahar-gazap saklamak, kimdir biriniň üstüne zyňmak maksady bilen eliňde köz saklan ýaly bolup, ahyrda-da oňa özüň köýersiň. Haçan-da, siz kimdir birine ýagşylyk edeniňiz-de bu ýagşylygy özüňize edýändigiňizi unutmaň! Sen öz badyňy basman, hiç kimiň badyny basyp bilmersiň. Bagyşlamagy öwren, özem tiz bagyşlamagy öwren!
Seniň hereketleriň köp zady aňladýar. Ösüş üçin hereket etmegiň lazym, tiz ösüş gazanmagyň üçin bolsa, yzygiderli hereket etmegiň gerek. Hemmeler gazanç edip bilýärler, ýöne hemişe hereketde bolýanlar onuň nämedigini bilýärler. Şeýleräk bir pähim bar: “Hudaý her bir guşa gurçuk berýär, ýöne ony höwürtgesine oklamaýar”.
Düşünmäge tagalla ediň! Biz hakykat üçin däl-de, eýsem, özümiz üçin göreşmäge başladyk. Ilki düşünjek boluň, diňe şondan soň, özüňize düşünmekleri üçin tagalla ediň! Siz başga biriniň nukdaýnazarlaryna düşünmek üçin ähli tagallalaryňyzy etmelisiňiz. Başgalary diňläň, olaryň nukdaýnazarlaryna düşüniň we şonda rahatlyga gowşarsyňyz.
Özüňizi ýeňiň! Müňlerçe jeňde ýeňeniňizden, özüňizden rüstem geleniňiz ýagşydyr. Şonda ýeňiş siziň bilen bolar. Ony sizden hiç bir güýç alyp bilmez. Özüňi ýeňmek üçin öz pikiriňden rüstem gelmeli. Siz öz edýän pikirleriňize gözegçilik etmeli. Çünki olar deňiz tolkunlary ýaly çyrpynyp bilerler.
Özara sazlaşykda ýaşaň! Sazlaşyk ýürekden gelýär, ony daşyndan gözlemäň! Diňe öz ýüregiňizde bolup biljek zady daşyndan agtarmaň. Sazlaşyk – bu kalbyňyzdaky asudalykdyr.
Şükürli boluň! Nämedir bir zada şükür etmäge nämedir bir zatlar tapylýar. Iň kyn pursatlarda-da hiç haçan ruhdan düşmäň! Şükürli kalp sizi beýgelder.