Tatarystan Respublikasynyň 2018-nji ýyly beýik rus ýazyjysy Lew Nikolaýewiç Tolstoýa bagyşlamagy ýöne ýerden däldir. Ol diňe bir ýazyjynyň geljekki 180 ýyllyk ýubileýi bilen baglanyşykly bolman, eýsem, Kazan bilen Lew Tolstoýy uzak taryhyň baglanyşdyrýanlygy üçin nazara alyndy. Ýazyjynyň garry atasy Swiýažskide şäher häkimi bolup işläpdir. Lew Tolstoýyň özi bolsa, ýaşlyk ýyllaryny Kazanda (1841-1847) geçirip, onuň bu ýerde dünýägaraýşy kämilleşipdir. Kazanyň Imperator uniwersitetiniň talyby bu ýerde özüniň meşhur gündeligini ýöredip ugraýar. Onuň durmuşynyň bu döwri “Baldan soňra”, “Mülkdaryň säheri”, “Çagalyk”, “Ýetginjeklik”, “Ýaşlyk” trilogiýalarynda beýan edilipdir. Tatarystanda Lew Tolstoýyň ýubileý ýyly ýurduň medeniýetiniň we dil biliminiň ösüşine ýardam berer diýip, umyt edýärler.
– Döwlet hem-de ene dillerini öwrenmegiň artykmaçlyklaryny goramak bilen bir hatarda, dil syýasatynyň meseleleri aýratyn üns talap edýär. Bilim we ylym ministrligi bilimiň ýokary derejesini hem-de rus dilini öwrenmegi üpjün etmekde kesgitli işleri alyp barmalydyr. Muňa esasan hem, ýurtda yglan edilen Lew Tolstoýyň ýylynyň çäklerindäki çäreler ýardam berer – diýip, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidendi Ruslan Minnihanow özüniň ýyllyk beýannamasynda belläp geçýär.